Habarlar 6 april 2017

Ylym

Agrar ýokary okuw mekdebiniň talyplary german oba hojalyk tehnikalarynyň öndürilişiniň tehnologiýasy tanyşdylar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Okuw-tanyşdyrylyş sapary «CLAAS» kompaniýasynyň merkezi we onuň düzümindäki «CLAAS Academy» bölüminiň ýerleşýän Harzenwinkel şäherinden başlandy.

Ylym

“Doýce Bankyň” hünärmenleri ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary bilen sapak geçdiler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň goldamagynda “Doýçe Bankyň” hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi, onda talyplar halkara söwdasy, halkara telekeçilik şertnamalary, dokumentar täjirçiligiň gurallary, şeýle hem dokumentar akkreditiwiň amatlyklary ýaly maliýe-ykdysadyýet işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Aziada 2017

Milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýokary derejesini bellediler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Forumyň barşynda Aşiýa we Okeaniýa ýurtlarynyň MOK-larynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda V Aziýa oýunlaryny geçirmek boýunça alnyp barylýan işler, şol sanda meýlitinçileri taýýarlamak işleri bilen tanyşdylar. Bellenilişi ýaly 9-njy fewralda “Ilkinji ýyldyzlar” maksatnamasyna badalga berildi. Ol 10 müňe çenli meýletin kömekçileriň taýýarlanylmagyna niýetlenendir.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň we Koreýanyň işewür toparlary hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlediler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu gezekki duşuşyga gatnaşmak üçin Koreýanyň söwda, senagat we energetika ministri Ju Hýan Wan we Maliýe biržasynyň 40-a golaý ýolbaşçylary we hünärmenleri, öňdebaryjy kompaniýalar we korporasiýalar, şeýle hem iri ylym-bilim merkezleri bolan wekilleri türkmen paýtagtyna geldiler. Türkmen tarapyndan maslahata ýurdumyzyň söwda we maliýe-ykdysady toplumynyň, ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň wekilleri, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar.