Habarlar 7 april 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze desgalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu durmuş ähmiýetli taslamanyň amala aşyrylmagy ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeler sportuny mundan beýläk-de ösdürmäge, olaryň hatarlaryna ýaşlaryň has köp sanlysyny çekmäge ýardam eder. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga, sagdyn we ruhubelent ýaşlary terbiýelemek üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilendir.

Medeniýet

Çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde Aziada-2017-ä bagyşlanan eserleriň sergisi açyldy

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Žiwopis eserleriniň arasynda Annamyrat Babaýewiň „Tizlik“ diýen suratynda ýeňşe hyjuwly welosipedçiler şekillendirilipdir. Olar ýeňşini Watana bagyş edýärler.

Wakalaryň jümmüşinde

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri sport toplumy açyldy

Toplum türkmen türgenleriniň köpugurly okuw-türgenleşik merkezine, türgenleri we ýygyndy toparlary sportuň dürli görnüşleri, şol sanda şu ýylyň güýzünde Aşgabadyň kabul etjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça taýýarlamagyň binýadyna öwrüler. Mundan başga-da, bu ýerde ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirip bolar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

Döwlet Baştutanymyz dürli ulgamlardaky, sebitlerdäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyykly geçirilýän çäreler, öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk baradaky olaryň hasabatlaryny diňledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Aziýanyň küşt federasiýasy Türkmenistanyň Prezidentini «Ýylyň adamy» diýip atlandyrdy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekillerini, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň we guramalarynyň ýolbaşçylaryny, hormatly myhmanlary bir ýere jemlän wekilçilikli forum Bütindünýä saglyk gününe gabatlanyldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de RF-niň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek hakynda Ähtnama gol çekildi

Gol çekişlik Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygynyň çagyrmagy boýunça ýurdumyza gelen RLDP-niň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiniň baştutanlygynda partiýanyň wekiliýetiniň saparynyň çäklerinde boldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti: jynsparazlyga, milleti boýunça kemsidilmeleriň dürli görnüşine, ekstremizme garşy hereket sport hereketiniň taglymynda mäkäm orun aldy

Türkmenistanda şeýle düşünjeler çagalykdan, mekdeplerde, ýokary okuw mekdeplerinde, goşun bölümlerinde terbiýelenilýär, onuň netijesi myhmansöýerlikde we biziň watandaşlarymyzyň daşary ýurtlarynyň wekillerine olaryň milletine hem-de haýsy dine uýýandygyna garamazdan, hoşniýetli gatnaşyklarynda ýüze çykýar. Biziň ýurdumyz halkara sport hereketiniň belent ynsanperwerlik taglymlaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edýär.

Jemgyýet

WADA bilen toplumlaýyn hyzmatdaşlyk türkmen sportunyň arassalygyny saklamaga ýardam eder

2017-nji ýylda Türkmenistanda Milli dopinge garşy agentlik döredildi. Türkmen hünärmenlerine häzirki zaman tehnologiýalarynda doping barlaglaryny geçirmegi öwretmek maksady bilen, Aşgabatda Dopinge garşy Merkezi Aziýa sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de dopinge garşy gözegçiligiň milli hünärmenlerini taýýarlamak boýunça okuw maslahatlary geçirildi. Okuw maslahatlaryň netijeleri boýunça hünärmenlerimize doping-serkerdeleriniň şahadatnamalary gowşuryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti: Aziada-2017 türkmen sportunyň ösüş taryhynda hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrar

Şonuň bilen birlikde ýurdumyzy yklymda halkara spot hyzmatdaşlygynyň öňdebaryjylarynyň birine öwürmäge, biziň daşary syýasatymyzyň möhüm bölegi hökmünde dünýä olimpiýa hereketiniň ulgamyna doly we netijeli goşulyşmaga gönükdirilen Türkmenstanyň sport diplomatiýasyny netijeli durmuşa geçirmäge täze mümkinçilikler açylýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik hem-de Hazaryň kenarynda uly möçberli çärelere gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, özüni iň ýagşy täsirler baglanyşdyrýan ýurdumyza ýene-de gelip görmäge şatdygyny aýtdy. Wladimir Žirinowskiniň belleýşi ýaly, esasy maksady döwleti we jemgyýeti ösdürmekden, türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin hemme şertleri döretmekden ybarat bolan düýpli özgertmeler ýolunda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri ony tüýs ýürekden guwandyrýar. Pursatdan peýdalanyp, RLDP-niň ýolbaşçysy Bütindünýä saglyk güni hem-de Awazada geçirilýän iri sport forumynyň üstünlige beslenmegi bilen, şeýle hem sporty we bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti karate-do-nyň 10-njy danyna mynasyp boldy

Halkara Meýbukan Godzu-Rýu Karate-do Assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtats “Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly Halkara sport kongresinde bu hormatly sylagy gowşuryp, ýygnananlaryň adyndan hem-de hut öz adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň netijeli işlemegi babata döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Myhman ýurdumyza gelmäge hem-de iri forumyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda hem-de ähli ýurtlarda giňden bellenilýän Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady. Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahyň belleýşi ýaly, döwlet Baştutany tarapyndan bu ulgamy ösdürmäge ägirt uly üns berilmegi netijesinde häzir türkmen paýtagty we Awaza abraýly halkara çäreleriniň, şol sanda sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülýär. Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýeri hökmünde saýlanyp alynmagy hem ýurduň dünýä derejesinde abraýynyň barha artýandygyna şaýatlyk edýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Awazada “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy” atly kongres açyldy

Çäräni guraýjylar - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Daşary işler ministrligi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

Uly sport baýramyna — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ynamly gadamlar bilen barylýan Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda «Sagdynlyk we bagtyýarlyk» şygary astynda döwlet derejesindäki köpçülikleýin sport, bedenterbiýe-sagaldyş we jemgyýetçilik-medeni çäreleriniň biraýlygyna ak pata berilmegi, şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza» sport toplumynyň dabaraly açylyp, ulanmaga berilmegi örän guwandyryjy wakadyr.