Habarlar 8 april 2017

Sport

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde “Harlem Wizards” toparynyň gatnaşmagynda basketbol tomaşasy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu tomaşa türkmen we daşary ýurt basketbolçylarynyň arasyndaky görkezme oýny bilen açyldy, soňra meýdançada akrobat –basketbolçularyň ýerine ýetirmeginde çykyşlar guraldy, olar basketbol toruna pökgi geçirmegiň ussatlyk tilsimlerini görkezdiler.

Resmi habar

Prezident Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Belarusa gelip görmäge çagyrdy

“Ikitaraplaýyn möhüm ylalaşyklaryň gazanylandygy, birnäçe resminamalara gol çekilendigigi guwançly ýagdaýdyr. Olaryň durmuşa geçirilmegi belarus-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berer.

Jemgyýet

Katar Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň çäklerinde geçirilýän at çapyşyklaryň sylag gaznasyny döretmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Naser bin Al Taniden gelip gowşan hat hem ahalteke bedewlerine dürli ýurtlarda gyzyklanmanyň barha artýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasy boldy. Ol milli Liderimizi ýetip gelýän Türkmen bedewiniň baýramy bilen gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:

Resmi habar

Mohammad Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Owganystan we Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Prezident Mohammad Aşraf GaniTürkmenistan bilen dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdüpmek maksady bilen gepleşikleri we maslahatlary geçirmäge owgan tarapynyň doly taýýardygyny tassyklady.

Laws

Resmi habar

Wladimir Putin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

“Şu geçen döwürde rus-türkmen hyzmatdaşlygy strategik gatnaşyklaryň derejesine çykdy. Dürli derejelerdäki işjeň syýasy gatnaşyklar ýola goýuldy. Söwda-ykdysady, energetika, ylmy-tehniki, ynsanperwerlik we beýleki ulgamlardaky hyzmatdaşlyk netijeli häsiýete eýe boldy. Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky işjeň gatnaşyklar Merkezi Aziýada we Hazar basseýninde durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň möhüm şerti bolup durýar”.

Ykdysadýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna deň boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Tehniki ýod (“Türkmenhimiýa” DK) BAE-den gelen işewür toparyň wekilleriniň söwdasy boldy. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna portlandsement, nebit soryjy enjam, nah ýüplük ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, BAE, Türkiýe, Belarus, Owganystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 45 million 295 müň dollaryna golaýboldy.

Laws

TÜRKMENISTANYŇ КАNUNY
«Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny guramak we geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda»

«1. V Aziýa oýunlarynyň guralýan we geçirilýän döwründe V Aziýa oýunlaryny guramak we (ýa-da) geçirmek bilen bagly Türkmenistanda zähmet ýa-da raýat-hukuk häsiýetli şertnama baglaşan daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanda işlemäge rugsatnamasy bolmazdan, Türkmenistanyň çäginde zähmet işini amala aşyrýarlar, olara iş berijide işleýän Türkmenistanyň raýatlarynyň we daşary ýurt raýatlarynyň sanynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gatnaşygy degişli edilmeýär.».

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetme girizmek hakynda

«6. Şu bitewi Kanunyň 12-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulandan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň raýatlaryna we edara görnüşindäki taraplaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.».

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
«Raýat goranyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda

1. 1-nji maddanyň 4-nji we 8-nji bentlerinde, 14-nji maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde «derhal halas ediş toparlary» diýen sözleri «dessin halas ediş toparlary» diýen sözlere çalşyrmaly.

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Kärende hakynda

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Jenaýat-ýerine ýetiriş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda

8-nji maddanyň dördünji böleginde «prokuratura edaralaryna,» diýen sözlerden soň, «Adalatça,» diýen sözi goşmaly;

Laws

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
«Jemgyýetçilik birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda»

1. 1-nji maddada «raýatlaryň başlangyjy boýunça» diýen sözleri «Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan» diýen sözlere çalşyrmaly.

Laws

Laws