Habarlar 9 april 2017

Hyzmatdaşlyk

Awaza halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär

Sport ulgamynyň ýokary wezipeli wekillerinden başga-da, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň Milli olimpiýa komitetleriniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, bu maslahata belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, meşhur artistler gatnaşdylar.

Medeniýet

“Dagyň depesine çykmak” taslamasyna gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Taslama gatnaşyjylar eýýäm Lebap welaýatynda Türkmenistanyň iň beýik nokady deňiz derejesinden 3139 metr belentlikde bolan Köýtendagynyň Aýrybaba depesinde boldular. Eýýäm Ahal welaýatynda belentligi 2482 metre barabar bolan Duşakerekdag depesine çykyldy. Balkan welaýatynda bolsa çärä gatnaşyjylar günbatar Köpetdagyň ajaýyp künjegi bolan Hasardagyna çykdylar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyna gynanç bildirdi

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny juda aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä bosgun türgenleriň gatnaşmaklarynyň mümkinçilikleri baradaky meselä garamagy tabşyrdy

Maslahatda Awazada geçirilen halkara forumynyň netijeleri jemlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti halkara sport hereketiniň mundan beýläk hem ösdürilmegine möhüm goşant boljak, şeýle hem dünýä giňişliginde milli sportumyzyň abraýyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan Aziada-2017-ä taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek babatynda degişli düzümleriň öňünde duran ilkinji nobatdaky wezipeleri belledi.