Habarlar 1 may 2017

Sport

Ýurdumyzyň iň belent nokadyndan çuň nokadyna çenli syýahat: Aziada-2017-niň nyşany—Akjagaýada

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmen bedewiniň baýramynyň bellenilýän günleri taslama tamamlaýjy tapgyra gadam basdy, bu çäre ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz içine alyp, oňa gatnaşyjylar Daşoguz welaýatynyň täsin künjeginde boldular. Bu ýerde göýä ägirt uly atyň toýnagynyň yzyna meňzeş, Garagum giňişlikleriniň ortarasynda Akjagaýa oýy ýerleşýär. Ölçegleri boýunça ägirt uly bu oýa hemra arkaly alnan suratlarda syn edilende, ägirt uly toýnagyň şekilini ýatladýar, onuň uzynlygy elli kilometre, ini bolsa alty kilometre golaýdyr. Bu künjek Türkmenistanda iň çuň oý bolup, dünýä ummanynyň derejesinden onlarça metr peslikde ýerleşýär, töweregi bolsa ýurdumyzyň beýleki ajaýyp künjekleri ýaly täsin gözellige beslenýär.

Jemgyýet

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oba hojalyk toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahaty açyldy

Mugallymlar hökmünde okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň degişli bölümleriniň müdirleri, inspektorlary, Obasenagat toplumynyň ilkinji kärdeşler arkalaşyklar guramalarynyň ýolbaşçylary we utgaşdyryjylary çagyryldy. Hepdelik okuwlaryň maksatnamasyna ilkinji guramalaryň borçlaryny ýerine ýetirmek, ýygnaklary geçirmek, buhgalter hasabatlylygy we beýleki ugurlar bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ylym

Halkara olimpiadalarynda ýaş türkmenistanlylaryň täze üstünlikleri

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ders bäsleşigine gatnaşmak üçin Astana şäherine Ýewropa, Aziýa, GDA, Baltika döwletlerinden we beýlekilerden - jemi 20 ýurtdan ýaş himiýaçylaryň 120-si ýygnandy. M.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guramaçylyk komitetine bu ýokary okuw mekdebiniň himiýa fakultetiniň dekany, akademik W. Lunin başlyklyk edýär, bäsleşik üç tapgyrdan: iki nazaryýet we bir amaly-synag bölüminden ybarat boldy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” hyzmatdaşlygynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mejlisiň barşynda sebitde we dünýäde howpsuzlygy üpjün etmek, parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek maksadynda tagallalary birleşdirmek bilen bagly meseleler gyzyklanma bilen ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyga gatnaşyjylar degişli ugurda maslahatlaşmalary we gatnaşyklary dowam etmegiň möhümdigini belläp, häzirki döwrüň terrorçylyk, ekstremizm, neşeleriň bikanun dolanyşygy, guramaçylykly jenaýat ýaly howplaryna we wehimlerine garşy durmak işinde hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikirlerini aýtdylar.

Aziada 2017

«Inspiring Ashgabat» ýaryşlary türkmen türgenleriniň V Aziada taýýarlyk derejesini görkezdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Aş­ga­ba­da 17 ýurt­dan — Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Hin­dis­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Ior­da­ni­ýa­dan, Si­ri­ýa­dan, Ne­pal­dan, Yrak­dan we beý­le­ki­ler­den 300-e go­laý kik­boks­çy ýyg­nan­dy. Bäs­le­şik­ler al­ty ugur —point-faý­ting, se­mi-kon­takt, kik-laýt, lou-kik, full-kon­takt hem-de saz­ly gör­nüş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­di. Iň soň­ky ugur tür­gen­le­riň sa­zyň as­tyn­da­ky çy­kyş­la­ryn­dan dur­ýar, şon­da bir ýa-da bir­nä­çe bäs­deş bi­len tut­lu­şyk jan­lan­dy­ryl­ýar. Şun­da bäs­le­şik­ler ýum­şak we ga­ty usul­lar­da iki de­re­je­de gu­ral­ýar.

Jemgyýet

Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça biraýlyk geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Çäräniň barşynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan eýýäm temmäki önümleriniň ulanylmagyna garşy hereketiň köp ugurlary boýunça öňdäki orunda çykyş edýär hem-de Ýer ýüzünde temmäkiden azat zolaklary giňeltmek boýunça işleriň dowam etdirilmegine uly goşant goşýar. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyz temmäki ulanylmagyna garşy işjeň göreş alyp barýar. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň netijesinde bu ugurda toplumlaýyn çäreler geçirildi. Hususan-da, 2000-nji ýylda jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi, 2008-nji ýylda ýurdumyzda gündogar halklary üçin mahsus bolan, adam saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän temmäki önümi bolan nasyň önümçiligini, ýerlenilmegini, ...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly gepleşik boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň dostluk, doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassykladylar.

Medeniýet

Zehiniň baş maksady – Watana we halka hyzmat etmek

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ol özüniň uly ýaşyna garamazdan, häzir hem şägirtleri we onuň her bir ýoluny dowam etdirýänler üçin nusgalyk görelde bolup durýar, sebäbi onuň sözi, pikiri olar üçin hemişe gymmatly maslahat, parasatly nesihat bolup durýar.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň we ejir çekenleriň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna tüýs ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Resmi habar

Polat Bülbül ogly “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli hoşallyk hatyny iberdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Polat Bülbül ogly dostlukly gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini, gatnaşyklary pugtalandyrmaga saldamly goşandyny goşjakdygyny, özüniň ýakynda Türkmenistana bolan saparynyň Türkmenistanyň soňky ýyllarda ähli ulgamlarda ýeten haýran galdyryjy üstünliklerinyň şaýady bolmaga mümkinçilik berendigini belledi.