Habarlar 10 may 2017

Teswirlemeler

2017-nji ýylyň apreli: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

3-nji aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Owganystana goldaw bermek boýunça Stambul hereketiniň çäklerinde “sebitleýin düzümler” (RI-CBM) ynamy berkitmek çärelerine gatnaşyjy ýurtlaryň Sebitleýin tehniki toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga 20-ä golaý ýurtdan we birnäçe halkara düzümlerden wekiller gatnaşdy. Olar Owganystanyň durnuklylygyny we ösüşini pugtalandyrmak boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler hem-de bu ugurdaky geljekki gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Mejlisiň çäklerinde Demir ýol ulaglary we Energetika ministrliklerinde ulag üstaşyr geçelgeleriniň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmak boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi. Olarda ulag ...

Sport

Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ýurdumyzyň türgenleri sportuň woleýbol, boks, tennis, dzýu-do, sport göreşi, agyr atletika, suwda ýüzmek, basketbol (3 х 3 şörnüşde), uşu we karate-do ýaly 10 görnüşi boýunça çykyş ederler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda birek-birege hormat goýmak, düşinişmek we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly hem-de özara bähbitli gatnaşyklaryň biziň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.