Habarlar 11 may 2017

Ylym

Türkmenistanyň guşlarynyň dünýasiniň täze görnüşler bilen baýlaşdyrylmagy ekologiýa abadançylygyň görkezijisi bolup durýar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Tebigaty goraýan edaralar tarapyndan tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi aýawly saklamak we artdyrmak boýunça köpsanly çäreler geçirilýär.

Jemgyýet

Täze neşirde kärhanalary we guramalaryň arhiw resminamalarynyň saklanyş möhleti kesgitlenilýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu neşir olary saklamak möhletlerini tassyklamak arkaly resminamlaryň gymmatlygyny kesgitlemek boýunça esasy maglumat gollanmasy bolup durýar. Şeýle hem sanaw çylşyrymly seljeriş işlerini, syýasy, hojalyk, ylmy, medeni ähmiýeti bolan resminamalary saýlamak işini ýeňilleşdirýär. Munuň özi olary döwlet arhiwlerine hemişelik saklamak üçin bermekde has ähmiýetlidir.

Jemgyýet

Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Ses bermegi guramaçylykly geçirmek üçin, Saýlaw kodeksiniň 73-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň agzalary uzak iş saparlaryna ýa-da zähmet rugsadyna gidýän, şeýle hem şuňa meňzeş käbir sebäplere görä, saýlawlar güni saýlaw uçastoklaryna gelip bilmejek saýlawçylara saýlaw uçastoklarynda öňünden ses bermek mümkinçiligini döretdiler.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we Germaniýa özara bähbitli hyzmatdaşlygyň kuwwatyny artdyrýarlar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Duşuşyga gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Ykdysadyýet we energetika federal ministrliginiň daşary ykdysady syýasat bölüminiň ýolbaşçysy, ministriň orunbasary jenap Ekhard Fransyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi.

Ylym

34-nji Balkan matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar bürünç medallaryň bäşisini eýelediler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 57-nji mekdebinden we Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyndan okuwçylar bardy, bu mekdebiň matematika mugallymy Arslan Hojyýew „ylymlar melikesini“ halaýan ýaşlaryň halypasydy. Olimpiada gatnaşanlar dört ýarym sagadyň dowamynda aşa çylşyrymly meseleleri çözdiler. Biziň ýurduyzdan Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyndan Akmyrat Tirkeşow bilen Jepbar Asgarow, şeýle hem Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 57-nji mekdebindenAgamyrat Begenjow, Rahman Agamyradow we Resul Mämiýew dagy baýrakly orunlary eýelediler. Oglanlaryň üçüsi ozalam halkara olimpiadalaryna gatnaşypdylar. Resul Mämiýew bilen Rahman Agamyradowyň hersiniň üç medaly bolsa, Jepbar ...