Habarlar 13 may 2017

Ylym

Türkmenistanly mekdep okuwçylary «I-SWEEEP» taslamalarynyň Halkara bäsleşiginde medallaryň dördüsini eýelediler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Innnowasion täzelikleriň bäş günlük gözden geçirilşine dünýä ýurtlarynyň 65-sinden dört ýüze golaý okuwçy gatnaşdy. Bäsleşige gatnaşanlar bilelikdäki we özbaşdak taslamalaryň iki ýüzden gowragyny teklip etdiler, olara halkara emin agzalary baha berdiler.

Jemgyýet

Maslahata gatnaşyjylar halkara sport kongresiniň Jemleýji Jarnamasynyň BMG-niň resminamasy hökmünde ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Maslahata BMG-nyň wekilleri, “Aziada-2017-ä” taýýarlyk görmek boýunça işlere gatnaşýan halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem ýurdumyzyň degişli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, käbir ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, Oýunlara hyzmat etjek meýletinçiler gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk

Türkmen wekilýeti CADAP maksatnamasynyň sebit okuwyna gatnaşdy

Irina YMAMGULYÝEWA

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Ýanuş Seroslawskiý we Dawid Krawçik ýygnanlary hünärmenleriň dürli toparlaryna we jemgyýetçilik köpçüligine niýetlenen maglumatlary ýaýratmagyň möhüm strategiýasy bilen tanyşdyrdylar. Okuw neşä garaşlylyga garşy durmak meselelerinde özara peýdaly tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Jemgyýet

Türkmen zyýaratçylary Magtymguly Pyragynyň we onuň atasy Döwletmämmet Azadynyň aramgähinde aýat-doga okadylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Her ýyl umumymilli baýramçylygyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňýanynda biziň watandaşlarymyz asylly däbe görä, mukaddes ýerlere zyýarat edip, eziz Watanymyzyň görnükli ogullaryna, halkyň azat we bagtyýar döwlet hakynda arzuwlaryny beýan edenleriň hormatyna baş egýärler.

Ykdysadýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Manat serişdelerine RF-dan, BAE-den, Türkiýeden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 267 müň manatdan gowrak sarja goýnunyň ýüňüni, nah ýüplügi we galyndylary, mata galyndylaryny satyn aldylar.