Habarlar 14 may 2017

Sport

«Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylary halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

*** Çirçik şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçirilen dzýudo göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşlar tamamlandy. Ol dünýäniň 10 ýurdundan 300-e golaý türgeni ýygnady. “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçysy A.Bäşimow 81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy, Ý.Ismaýylow bolsa 50 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.

Sport

Тürkmen tennisçileri IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda toparlaýyn ýaryşlarda bürünç medala eýe boldular

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu görnüşde ýeňijiler we baýrakly oýunlaryň eýeleri türgenleriň şahsy bäsleşikleriniň ikisinde we jübütleýin bäsleşikleriň birinde çykyşlaryň jemleri boýunça kesgitlenýär. Arzyly sylag ugrunda biziň toparymyzyň gyzlary Jahan Baýramowa, Anastasiýa Prenko we Güljahan Muhammetgulyýewa Bakuwyň tennis akademiýasynyň meýdançalarynda ýer eýelerini—Azerbaýjanyň toparyny, şeýle hem Pakistanyň ýygyndy toparyny ýeňdiler. Sylaglamak dabarasy 15-nji maýda geçiriler.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan hem-de hut öz adyndan pida bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna çuňňur gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi we ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwyny aýtdy.