Habarlar 15 may 2017

Aziada 2017

Bakuwda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça v Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrylyş geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu ýerde Aziada — 2017-ä bagyşlanan sergi guraldy. Onda döwürleýin neşirler we bukletler, toplumlaýyn ýaryşlaryň nyşanlary şekillendirilen dokma önümleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görkezildi.

Resmi habar

Halkara şaşka federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady

Siziň şaşkaçy türgenleriňiz çempionatlarda medallary yzygiderli gazanýarlar hem-de ady agzalan çempionatda gazanan ýokary sport netijeleri üçin 2017-nji ýylyň awgust-sentýabrynda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Bolgariýada geçiriljek dünýä çempionatyna hem-de 2017-nji ýylyň oktýabrynda Sankt-Peterburgda (Russiýa) erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldular. Bu çempionata dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan wekiller gatnaşarlar.

Resmi habar

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem üstünlikli sport çäresine öwrüljekdigine ynanýaryn. Agyr atletikaçy türgenleriň ýakyn wagtda Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň çärelerine gatnaşmak üçin ýene-de Aşgabada hem-de Olimpiýa toplumyna barjakdygyna umyt edýärin.

Sport

Bakuda geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen agyr atletikaçyary altyn we kümüş medala eýe boldular

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Kümüş medala bolsa Gülnabat Kadyrowa (69 kilograma çenli) mynasyp boldy. 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýro şäherinde geçirilen Olimpiada gatnaşyjynyň jemleýji netijesi 224 kilograma we çekip galdyrmakda 99 kilograma deň boldy. Agyr atletikaçy türkmen zenany çykyşlaryň iki görnüşinde hem täze milli rekordlary, ozalkydan 4 kilogram köp bolan üstünligi gazandy. Ştangany itip galdyrmakda türkmen türgen zenany 115 kilogram agramlygy galdyrdy.

Jemgyýet

Aşgabatda Aziada — 2017 nyşanly awtobuslar gatnawa çykdylar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oýunlary giňden wagyz etmek, olary uly baýramçylyk wakasy hökmünde mahabatlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda durmuşa geçirildi. Bu uly sport baýramçylygyna ak mermerli paýtagtymyz, ähli türkmenistanlylar hem-de halkara sport jemgyýetçiligi gyzyklanma bilen garaşýar.

Jemgyýet

Goňşy Özbegistanyň çagalary Awaza dynç almak üçin geldiler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Özbegistanyň Zenanlar komitetiniň başlygy T.Narbaýewanyň ýolbaşçylygyndaky doganlyk döwletiň wekiliýeti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maý aýynyň başynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen geçiren telefon gepleşiginde teklip eden çakylygy boýunça geldi.

Hyzmatdaşlyk

Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar. Bu resminama 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Resmi habar

Türkmenistanyň medeniýet ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji bellenildi

Döwlet Baştutanynyň Permany bilen Gülşat Orazmuhammedowa Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyldy.