Habarlar 16 may 2017

Resmi habar

Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady

Şeýle hem çempionaty geçirmek boýunça taýýarlygyň ýokary derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi

*** Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň başlyklygynda Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

Sport

Türkmenistanyň topary ýene-de bir kümüş medaly eýeledi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

M.Ataýew 50 metr aralyga arkanlygyna ýüzmekde ikinji orny eýeledi. Ol bu aralygy 25,82 sekuntda geçdi. Munuň özi Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Sergeý Ýepifanowyň şägirdine diňe bir medal getirmek bilen çäklenmän, eýsem, täze milli rekord boldy. Bu görkeziji onuň 2016-njy ýylda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen Aziýa çempionatynyň barşynda görkezen netijesinden 0,06 sekunt ýokarydyr.

Ykdysadýet

Türkmenistanyň pagta arassalaýjy kärhanalary 2016-njy ýylyň hasylyny gaýtadan işläp gutardylar

Nurjan GAPUROW

Pudakda ýetişdirilen hasyly doly gaýtadan işlemek üçin zawodlar, daşary ýurtlara ibermäge niýetlenen ýüplük we taýýar önümleri almak üçin nah egriji hem-de dokma toplumlary ýeterlik derejede bar. Garaşsyzlyk ýyllarynda hereket edýän kärhanalar doly döwrebapalaşdyryldy we täzeden enjamlaşdyryldy, täze kuwwatlyklar guruldy. Ýolöten şäherinde döredilenine ýüz ýyldan köpräk wagt geçen baýry kärhana bar, Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllary Ahal welaýatynyň Baharly, Tejen we Ak bugdaý, Mary welaýatynyň Tagtabazar etraplarynda döwrebap kärhanalar bina edildi.

Ykdysadýet

Garlyk kaliý kombinatynda duz şahtasyndan ýüz müň tonnadan gowrak magdan çykaryldy

Wladimir KOMAROW

Mineral çig mal Garlyk käniniň dag-geologiýa şertleri göz öňünde tuulyp, doly mehanizmlaşdirilip çykarylýar. 300 metr çuňlukdaky birinji gatlakda duz gatlagyny rotor kombaýnlarynyň bäşisi döwýär. Magdany çykarmak üçin döwrebap enjamlar--tigirli özi ýöreýän tirkegler, konweýerler, göteriji enjamlar ulanylyp, olar magdany kabul ediş ýerlerine çenli mehanizleşdirip eltmäge mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi bilen her gün aşaky gatlakdan 1000 tonnadan 1500 tonna çenli magdan çykaylýar.

Ykdysadýet

Döwlet maldarçylyk hojalyklary owak-guzy almak borçnamalaryny ýerine ýetirdiler

Nurjan GAPUROW

Döwlet hojalyklaryndaky 766 müň sany owlak-guzy almak baradaky göz öňünde tutulan sepgide ýetildi. Häzirki wagtda goýunlaryň baş sany 1 million 965 müňe, düýeleriň baş sany 15 müň 960-a ýetirildi.

Medeniýet

Annadurdy Myradalyýewiň ýubileý sergisindäki işleriň 70-si tanymal nakgaşyň zehininiň ähli ugurlaryny açyp görkezýär

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň halk nakgaşy Annadurdy Myradalyýewiň 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gurnalan özbaşdak sergi suratkeşligiň mary mekdebiniň zehinli wekiliniň döredijiliginiň baý ugurlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi, Bilim ministrligi hem-de Demokratik partiýanyň Syýasy geňeşi tarapyndan guralan foruma milli parlamentiň deputatlary, hökümet agzalary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Merkezi Aziýa üçin sebit merkeziniň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň, dürli ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem alymlar, syýasatşynaslar, hukukçylar, jemgyýetçilik işgärleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyp ýaşlar we okuwçylar gatnaşdylar.

Wakalaryň jümmüşinde

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

1991-nji ýylda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi özygtyýarly Watanymyzyň täze taryhy bilen berk baglanyşyklydyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň daşary ýurtly wekilleri bilen medeni-ruhy umumylyklar, ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklar yzygiderli ösdürilip, onuň üsti baý many-mazmun bilen ýetirildi. Häzirki wagtda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi abraýly halkara gurama bolmak bilen, ykbalyň emri bilen öz taryhy Watanyndan uzaklara düşen we peder topragyna söýgüsini ýitirmedik, ruhy kökleri bilen aragatnaşyk saklaýan watandaşlarymyzyň tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna gönükdirilen jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatyna gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz Watanymyzda giňden we dabaraly bellenýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen gününiň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygynyň öň ýanynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Dünýä türkmenleriniň doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berjek bu maslahatyň ýokary derejede, guramaçylykly ýagdaýda, örän netijeli geçiriljekdigine, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň döredilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramçylygyna bagyşlanan dabaralaryň bolsa siziň ata Watanymyza bolan beýik söýgiňizi has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.

Wakalaryň jümmüşinde

«Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ajaýyp milli baýramlarynyň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 25 ýyllygyna we Magtymguly Pyragynyň şygryýet baýramyna bagyşlanan «Türkmenistanyň Konstitusiýasy — ösüşiň hukuk binýady» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu halkara ylmy-amaly maslahatyň Türkmenistanyň hukuk, dünýewi döwleti gurmakda, raýat jemgyýetini berkarar etmekde toplan tejribesi, konstitusion gurluşynyň we taryhy ösüş ýolunyň aýratynlyklary bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakda, parahatçylygyň we howpsuzlygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen ...