Habarlar 17 may 2017

Ylym

Ulag we aragatnaşyk institutynyň talyplary halkara bäsleşigiň „Robot tehnikasy babatda iň gowy iş we ösüş üçin“ diýen baýragyny eýelediler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Türkiýäniň Bilim ministrliginiň gurnamagynda her ýyl geçirilýän bu bäsleşikde Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň topary ýurdumyza wekilçilik etdi. Onuň hatarynda bu institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň agzalary, aragatnaşyk we demir ýol ulagy fakultetleriniň talyplary Ymamberdi Durdyýew bilen Şirmuhammet Wepaýew, şeýle hem elektrik aragatnaşygy kafedrasynyň mugallymy Wepa Güýjow bardy. Ugurlaryň dördüsi boýunça bäsleşige gatnaşan ildeşlerimiz daşary ýurtlylaryň arasynda baýrakly üçlügiň başyny çekdiler.

Sport

Türkmen türgeni bürünç medala eýe boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Göreş boýunça bäsleşiklerde hem-de 59 kilograma çenli agram derejede Seýdulla Tazaýew üçünji orny eýeledi. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi we ýurdumyzyň ilkinji olimpiýa baýdagyny göterijisi Rozy Rejepowyň şägirdi çekeleşikli tutluşykda pakistanly türgen Pak Azhar Hussainden 10:8 hasabynda üstün çykdy.

Teswirlemeler

Ileri tutulýan durmuş ugurlary—milli syýasatyň esasy ýol görkezijileri

“Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini, azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy we aýrybaşgalanmaz hukuklaryny goraýar”. Bu konstitusion düzgün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň binýady bolup durýar.

Jemgyýet

Awazada ýaş özbek myhmanlary göwnejaý dynç alýarlar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenarynda dynç alýan okuwçylaryň sport senenamasy ýeňil atletika bilen açyldy. Çagalar sagaldyş merkeziniň otrýadlary boýunça düzülen türkmen we özbek ýetginjekler toparlary iki ýüz metrden ybarat bolan dört tapgyrly estafetada ýaryşdylar. Ýetginjekleriň ýaryşynda Özbegistandan gelen myhmanlar ýeňiş gazanyp, hormat münberine çykdylar. Ylgaw ýodalarynda gyzlaryň arasynda türkmen okuwçylary öňdeligi eýelediler. Olaryň doganlyk ýurtdan bolan deň-duşlary pellehana ikinji we üçünji bolup gelmegi başardylar.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen moldowan obasynda gurlan çagalar bagy açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mälim bolşy ýaly, bu pikir 2013-nji ýylda milli Liderimiziň Kişenew şäherine resmi saparynyň barşynda beýan edildi. Döwlet Baştutanymyzyň çagalar bagynyň gurluşygyna hut özüniň howandarlyk etmegi hem bu durmuş taslamasynyň möhümligine şaýatlyk edýär. 2015-nji ýylyň maýynda Moldowanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda çagalar bagynyň düýbüni tutmak dabarasy boldy. Mekdebe çenli çagalar edarasynyň açylyş dabarasyna Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hem geldi. Dabara türkmen tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri gatnaşdy. Gagauziýa Awtonom çäkli düzümiň baştutany Irina Wlah bilen bilelikde olar toý bagyny ...

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Täze zaman” ýaşaýyş toplumynyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Milli Liderimiz ilatyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegini, raýatlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Şunda hormatly Prezidentimiz halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň – durmuş syýasatynyň esasy ugrudygyny belleýär.

Medeniýet

Türkmeistanyň Döwlet muzeýinde baýramçylyk sergisi açyldy

Tamara GlAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň Döwlet muzeýinde gurnalan sergi Magtymgulynyň doglan gününiň 293 ýyllygyna bagyşlandy. Onuň açylyşyna şygyrýetiň köpsanly muşdaklary—Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hünärmenleri, şahyrlardyr dilçiler, edebiýatçylar, sungaty öwreniji alymlar, Aşgabatda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Bu ýerde şahyryň belent münberde goýlan heýkeli bar. Onuň daş-töwereginde Magtymgulynyň çap edilen eserleri, onuň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan ylmy işler goýlupdyr.