Habarlar 18 may 2017

Wakalaryň jümmüşinde

19-20-nji maýda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana iş sapary bolar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Wise-premýer, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň baştutany Reşit Meredow Hökümetiň we Döwlet howpsuzlygy geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşiklerine taýýarlygyň barşy barada habar berdi.

Sport

Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

81 kilogram agram derejede çykyş edýän Arslan Açilow altyn medala mynasyp boldy. Aýgytlaýjy tutluşykda ol Azerbaýjanyň toparynyň wekilinden üstün çykdy. Bu sylag biziň ýygyndymyzyň umumytoparlaýyn hasapda eýeleýän ornuny gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Medeniýet

Şanly sene mynasybetli baýramçylyk konserti

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mukamlar köşgünde ähli ruhubelentlik halkymyzyň mähriban Watanyna bolan buýsanjyny, jemgyýetimiziň ruhy taýdan ýokary göterilişini kesgitleýän waka öwrüldi. Bu ýere ýygnanan köp sanly tomaşaçylaryň hatarynda baýramçylyk günlerinde Aşgabada gelen daşary ýurtly myhmanlaryň hem bardygyny bellemeli.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýa we Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dabaralara gatnaşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edileni bäri 25 ýyl geçdi. Ol milli döwletliligiň kemala gelmeginiň hem-de ösmeginiň syýasy-hukuk binýady bolup, dünýäniň oňyn tejribesine daýanýar we şol bir wagtyň özünde türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan iň gowy däp-dessurlaryny hem-de milli aýratynlyklaryny özünde jemleýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedowa söz berdi. Ol Türkmenistanyň 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bilen gutlady

Çäryek asyr mundan ozal, ýagny 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Esasy Kanunymyzyň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi özbaşdak we erkin ösüş ýoluna düşen garaşsyz döwletimiziň berk hem-de kuwwatly binýadynyň düýbi tutulyp başlan döwrüniň örän möhüm taryhy wakalarynyň bin boldy.