Habarlar 19 may 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana iş sapary bilen geldi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde özbek Liderini resmi adamlar garşyladylar. Şol ýerde haly ýodajygynyň ugrunda Özbegistanyň Baştutanynyň gelmeginiň hormatyna Hormat garawuly nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasly oglan we gyz belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlediler hem-de gül desselerini gowşurdylar.

Sport

Türkmen türgeniniň bürünç medaly

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Biziň watandaşymyz Siriýanyň toparynyň wekili Abdalh Karem bilen duşuşdy. Ol türkmenistanly türgeniň ezber tärlerinden asgyn geldi. Duşuşyk möhletinden öň 11:0 hasaby bilen tamamlandy.

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awaza boýunça welosipedli gezelenç etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz bu ýerden “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna ugrady.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň rektoryny kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, türkmen Lideri bilen nobatdaky gezek duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň netijeli döredijilikli başlangyçlary bütin dünýäde, şol sanda Ýaponiýanyň Imperatory Akihito we Premýer-ministri Sindzo Abe tarapyndan goldanylýar. Munuň özi ýokary derejede geçirilen özara saparlaryň barşynda tassyklanyldy.

Resmi habar

Kazanda Türkmenistanyň wekilýetiniň agzalarynyň Tatarystanyň baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Tatarystanyň baştutany ýygnaga gatnaşýandyklary üçin wekilýetiň agzalaryna we Tatarystan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa minnetdarlyk bildirýänligini aýtdy. Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Tatarystan üçin hemişe uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyny nygtap: „Biziň halklarymyzy gadymýetden gaýdýan taryhy ruhy-medeni we netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary baglaşdyrýar“-diýip nygtady.

Jemgyýet

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmagyň ýoly bilen

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mejlisiň Karary bilen bellenilen gün ýurdumyzyň raýatlary öz konstitusion hukugyny peýdalanyp, halkyň mynasyp we abraýly wekillerine, watandaşlarymyzyň uly hormatyna we ynamyna eýe bolan adamlara seslerini bermek üçin saýlaw uçastoklaryna gelerler. Saýlawlaryň öň ýanyndaky möhüm tapgyr bolan wagyz-nesihat işleri tamamlandy.

Aziada 2017

Tatarystanyň paýtagtynda Aziada-2017-niň tanyşdyrylyşy geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Sammitiň maksady Russiýanyň we Yslam hyzmatdaşlyk guramasy ýurtlarynyň söwda-ykdysady, ylmy-tehniki, durmuş we medeni gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Sammite gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň 50 ýurdundan ýokary derejeli myhmanlaryň 2 müňden gowragy: diplomatlar, maliýe edaralarynyň wekilleri, parlamentleriň deputatlary, maýadarlar we işewürler, žurnalistler bar.