Habarlar 2 may 2017

Ykdysadýet

Aşgabatda Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Häzirki döwürde bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tehnologiýalaryny we işläp taýýarlamalaryny özleşdiren onlarça kärhanalar netijeli işleýärler. 2016-njy ýylda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda mebel we oňa degişli önümleriň dürli görnüşleri boýunça ýöriteleşdirilen hem-de içerki bazarda mynasyp bäsdeşlik edýän 18 hususy kärhanany özünde jemleýän mebel önümçiligi toplumy kemala geldi. Täze toplumyň döredilmegi ýurdumyzyň mebel öndürijileriniň işini höweslendirmäge we olaryň eksport ugurlaryny artdyrmaga gönükdirilendir.

Ykdysadýet

Daşoguz welaýatynyň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda kyrk sekiz müňden gowrak miweli agaç nahallary oturdyldy

Batyr ÖRÄÝEW

Baý tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak döwlet syýasytynyň ileri tutulýan ugrydyr. Bagçylygy ösdürmek sebitiň ilatyny ekologiýa taýdan arasa witaminli önümler bilen üpjün etmäge ýardam etmäge we daşky gurşawa oňyn täsir etmäge niýetlenendir. Ýylyň başynda Daşoguz welaýatyna iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow agrosenagat toplumynyň önümçilik kuwwatlylgyny artdyrmak, daşary ýurtlardan getirliýän harytlary özümizde öndürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ilaty ýylboýy ter gök we miwe önümleri bilen üpjün etmek durmuş-ykdysady özgertmeleriň strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir diýip belläpdi.

Medeniýet

Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Aman Agajykowyň „Si-bemol minor simfoniýasy“ ýerine ýetirildi

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Türkmenistanyň halk artisti kompozitor Aman Agajykow „Si-bemol minor simfoniýasyny“ 1971-nji ýylda uruş gahrymanlaryna bagyşlap ýazypdy. Simfoniýanyň owazlarynda milletiň hakydasyna siňen we taryha giren haýyn duşmana garşy galkynan halkyň hasraty, Watan goragçylarynyň gahrymançylygy, uruşda pida bolanlara gynanç we ýeňiş dabarasy duýylýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Sizi Öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!