Habarlar 3 may 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz hem-de myhman soňky ýyllarda täze ösüşe eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň aprel aýynda Gazagystan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine kuwwatly itergi berendigi nygtaldy.

Medeniýet

Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli ýöredýän Garaşsyz Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, hususan-da, Palestina bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Rumyniýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz we doly ygtyýarly wekil türkmen-rumyn hyzmatdaşlygynyň geljegi we mümkinçilikleri hakynda pikir alyşdylar. Bu hyzmatdaşlyk ähli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady ulgamynda has-da giňeltmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Şunuň bilen birlikde, energetika we ulag ulgamlarynda tagallalary birleşdirmek möhüm bolup durýar. Türkmenistan bu ugurda, hususan-da, ýükleri daşamak üçin ykdysady taýdan amatly ugurlary üpjün edýän halkara üstaşyr-ulag geçelgelerini döretmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Narkulyýewiç Ereşow tarpa-taýyn aradan çykdy

Batyr Ereşow 1966-njy ýylyň 13-nji iýunynda Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň S.A.Nyýazow şäherçesinde eneden doguldy.

Hyzmatdaşlyk

Aşgabatda Hökümetara türkmen-gazak toparynyň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Iki dostlukly ýurduň käbir ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň gatnaşan duşuşygynyň gün tertibine döwletara ylalaşyklaryny amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanyň we Gazagystanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly meseleleriň giň topary girizildi.

Ylym

2017-nji ýylyň iň gowy mugallymy we terbiýeçisi kesgitlenildi

Wiktoriýa NOWIKOWA

Hormatly mugallym adyna dalaşgärleriň kär ussatlygyna baha beren eminler toparynyň hatarynda Bilim ministrliginiň we ýurdumyzyň Kärdeşler arkalaşygy milli merkeziniň, Millli bilim institutynyň we „Mugallymlar gazetiniň“ wekilleri, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Aşgabadyň A. Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlary bardy.

Jemgyýet

Paýtagtyň demirgazygynda-Çoganlyda iri kottej şäherçesi kemala gelýär

Wladimir KOMAROW

Iri şäher gurluşyk taslamasy býujet serişdeleri çekilmezden durmuşa geçirilýär. Telekeçilerdir hojalyk jemgyýetleri şu jaýlaryň gurluşygyna tabýyryk berenler we oňa paýly gatnaşyjylardyr.

Ykdysadýet

Ýurdumyzda öýler we senagat binalary üçin LED-lampalaryň iki milliona golaýy öndürildi

Wladimir KOMAROW

„Aýdyň gijeler“ hojalyk jemgyýeti bäsleşige ukyply, ýokary tilsimatlar bilen üpjün edilen,ekologiýa taýdan arassa elektron we eletrotehnika senagatyny kemala getirmäge, içerki we daşarky bazara niýetlenen önümleri öndürmäge gönükdirilen Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde döredilen ilkinji kärhanalaryň biridir. Bu işi Senagat ministrligi Ylymlar akademiýasydyr beýleki pudaklaýyn edaralar bilen utgaşykly alyp barar.

Sport

Türkmen küştçüleriniň we karateçileriniň nobatdaky baýraklary

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Küşt boýunça ýaryşlar Rumyniýanyň Ýassi şäherinde geçirildi, bu ýere dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan türgenleriň ýüzlerçesi ýygnandy. Şol bäsleşikde ildeşlerimiz iki kümüş baýraga mynasyp boldular. 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň toparynda çykyş eden aşgabatly Azat Nurmämmedow hem-de maryly Farhad Kazimow (17 ýaşa çenli) wise-çempionlar boldular.