Habarlar 4 may 2017

Hyzmatdaşlyk

Türkmen žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara sergä gatnaşýarlar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Sergide häzirki zaman köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň okyjylarynyň ünsüni nädip çekýändigini we giň okyjylar we diňleýjiler köpçüliginiň gyzyklanmasyny höweslendirýändigini görmek bolýar. Bu ýerde diwarlyklaryň her biri şol bir wagtyň özünde göçme redaksiýa hem, interaktiw şüweleňe hem, işewür tanyşdyrylyşa hem öwrüldi. Sergide artistler çykyş etdiler, hünärmenler tanyşdyryş çärelerini geçirdiler, gyzykly taslamalary hödürlediler, dürli bäsleşikler guraldy, žurnalistleriň hem-de okyjylaryň bäsleşiklerinde ýeňiş gazananlara baýraklar gowşuryldy, metbugat işiniň syrlary hem-de maglumat ulgamynda bäsdeşligiň ýollary barada pikir alşyldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ozal berlen anyk tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hyzmatdaşlyk

Halkara bilermenleri gurluşykda energiýa tygşytlaýjy tilsimatlary ulanmak boýunça taslama oňyn baha berdiler

Ýelena DOLGOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem statistika, daşky gurşawy goramak bilen baglanşykly ministrliklerdir pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Gyrgyzystandaky, Özbegistandaky, Belarusdaky, Ukrainadaky, Moldowadaky, Russiýadaky sebit edaralarynyň altysyndan halkara bilermenleri gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk

Awazada ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty öz işine başlady

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Wekilçilikli forum geçen ýyl Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň dowamy bolup durýar we onda beýan edilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Ykdysadýet

Galla oragynyň öň ýanynda ýurdumyzyň oba hojalyk tehnikasynyň üstüne täze “Jon Deere” galla orujy kombaýnlary gelip gowuşdy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, ony täze tehnikalar bilen üpjün etmäge iri maýa goýum serişdelerini gönükdirýär. Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekdi, oňa laýyklykda, «John Deere International GmbH» (Şweýsariýa Konfederasiýasy) kompaniýasy bilen oba hojalyk tehnikasynyň 1 müň 350 birligini, enjamlaryň, şeýle hem ätiýaçlyk şaýlarynyň we çykdajy serişdeleriniň uly tapgyryny satyn almak barada şertnama baglaşyldy. Bu tehnikalar 2017-2020-nji ýyllaryň dowamynda getiriler.

Resmi habar

Frank –Walter Ştaýnmaýer: biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli tagallalary etmegi göz öňünde tutýaryn, çünki muny möhüm hasaplaýaryn.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

“Goý, Gudraty güýçli Allatagala maşgalaňyzyň ähli agzalaryna ruhy durnuklylyk we mertlik bersin” diýip, gynanç hatynda aýdylýar.

Hyzmatdaşlyk

Palestinanyň kompaniýalary Türkmenistanda maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmegi meýilleşdirýärler

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň we Palestinanyň toparlarynyň wekilleriniň çykyşlarynda milli ykdysadyýetleriň häzirki ýagdaýy hem-de häzirki döwrüň ýagdaýlaryny nazara almak bilen, iki ýurduň we halkyň bähbitlerine laýyk gelýän mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Palestinanyň kompaniýalary geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ýokary halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistan bilen doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna uly gyzyklanma bildirýärler.

Ylym

Türkmenistanly mekdep okuwçylary «Infomatrix-2017» kompýuter taslamalarynyň Halkara bäsleşiginde medallaryň on altysyny eýelediler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Paýtagtymyzdaky 86 we 28-nji mekdepleriň ýokary synp okuwçylary Döwran Ataýew, Arslan Hojaýew we Serdar Orazgeldiýew, şeýle hem Marynyň ýörüteleşdirilen welaýat mekdebinden Meýlis Döwletmyradow taslamalaryň möhümligi we özboluşlylygy üçin kümüş medalllaryň dördüsini eýelediler.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we logistika boýunça Halkara maslahatyna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Şeýle hem, şol maslahatyň çäklerinde awiasiýa, awtomobil, demir ýol we deňiz ulaglarynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçilikleri, esasy we kömekçi ulag üpjünçilik ulgamlaryna maýa goýumlaryny çekmek, ulaglar ulgamyna innowasiýalary ornaşdyrmak, daşky gurşawy goramak we howpsuzlyk bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu işler Türkmenistanyň bütin dünýäde uly gyzyklanma bildirilýän ulgam bolan ulag we logistika babatda dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülendigine şaýatlyk edýär.