Habarlar 5 may 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň başynda ýurdumyzda her ýyl giňden we dabaraly bellenýän Ýeňiş gününiň ýetip gelýändigini belledi. Taryhda iň pajygaly uruşlaryň biri bolan 1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Watany gorap, söweş meýdanlarynda türkmenistanly ýigitleriň müňlerçesi deňsiz-taýsyz gaýduwsyzlyk we gahrymançylyk görkezdiler. Biziň gahrymanlarymyzyň şol söweşlerde görkezen mertligi we edermenligi ölmez-ýitmezdir. Tylda galan watandaşlarymyz hem janaýaman zähmet çekip, gazanylan Beýik Ýeňşe uly goşant goşdular. Biz eziz Watanymyzy, mähriban halkymyzy, ýagty geljegimizi gorap, wepat bolan gahrymanlarymyzyň hatyrasyny, uruşdan ýeňiş bilen gaýdyp gelen gerçeklerimiziň, tylda gijesini gündiz edip, merdanalyk ...

Ylym

HYYweÖU-niň topary F.F. Martens adyndaky bäsleşige gatnaşanlygy üçin ýörüte diploma mynasyp boldy

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surat HYYweÖU-niňki

F. F. Martens adyndaky bäsleşik GDA-da halkara ynsanperwer hukugy boýunça iň uly ýaryş bolup, oňa esasy hukuk ýokary okuw mekdepleriniň we bölümleriniň talyplary gatnaşýarlar. Bäsleşik tanymal ýuristiň we diplomatyň, halkara hukugynyň russiýa mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biriniň adyny göterýär.

Jemgyýet

Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Saýlawlaryň öňýanyndaky möwsümiň barşynda iki saýlaw okrugy boýunça Mejlisiň deputatlygyna hem-de halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirýärler. Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk häsiýetleri, saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar.

Medeniýet

Palestinanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Palestinanyň “Nawa” toparynyň, Türkmenistanyň döwlet horunyň, “Arçabil” deprekçiler toparynyň, belli türkmen bagşylarynyň we sazandalarynyň çykyşlary konsert maksatnamasyny düzdi. Oňa halk we estrada aýdymlarydyr sazlary, döredijilik çykyşlary girdi.

Hyzmatdaşlyk

Awazada Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty tamamlandy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany hem-de Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Şol sebäplide ykdysadyýetiň hem-de ilatyň ulag hyzmatlaryna zerurlyklaryny doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň okgunly ösdürilmegi bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky esasy wezipeler hökmünde dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, “Gündogar-Günbatar” hem-de “Demirgazyk-Günorta” ...

Resmi habar

Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dynç güni başga güne geçirildi

Resminama laýyklykda şanly senäni baýram etmek we oňat dynç almak üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 7-nji maýdaky dynç güni 8-nji maýa -duşenbe gününe geçirilýär.

Resmi habar

Aşgabatda bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň mejlisi geçiriler

Taraplar nemes kompaniýalarynyň Türkmenistanda amala aşyrylýan maliýe, energetika, ulag, ekologiýa, oba hojalyk, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamlarynda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmagynyň mümkinçiliklerine garalar.

Ykdysadýet

Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde tebigy gazyň örän baý ýatagy açyldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hünärmenleriň deslapky hasaplamalaryna görä, häzirki wagtda guýynyň önüm berijiligi gije-gündizde 500 müň kub metr tebigy gaza we 150 tonna gaz kondensatyna barabardyr. Umuman, munuň özi Hazaryň kenarýaka zolagynyň we ýalpaklygynyň ägirt uly kuwwatyny tassyklaýar.

Resmi habar

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystan Yslam Respublikasyna baryp gördi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Muhammad Aşraf Gani owgan döwletiniň doganlyk Türkmenistan bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny nygtap, Türkmenistanyň Prezidentine Owganystan üçin möhüm bolan düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan işleri üçin çuňňur hoşallyk bildirdi.

Jemgyýet

Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna okgunly ösýän ýurduň hukuk binýady hökmünde garalar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Maslahatyň çäklerinde dört mejlis geçiriler. Olary Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda we Konstitusiýa binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.