Habarlar 6 may 2017

Sport

“Hanmudo” Milli federasiýasynyň başlygy Orif Buharakow - gara guşagyň eýesi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Bu ýere başa-baş tutluşygyň koreý görnüşi bilen meşgullanýanlaryň 100-e golaýy geldi. Olaryň hatarynda Ispaniýadan, Gollandiýadan, Meksikadan, Latyn Amerikasy ýurtlaryndan wekiller bar.

Jemgyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Mähriban halkymyzyň parahat durmuşyny we azatlygyny goran, geljek nesiller üçin bolan göreşleriň kynçylykly pursatlaryny başyndan geçiren ynsanlara maý günleriniň ajaýyp baýramçylygy mynasybetli mähirli gutlag sözleri aýdyldy.

Ykdysadýet

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, GonkongdanOwganystandanwe beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah mata hem ýüplük, pagta-süýümi, reginirlenen süýüm, nah ýüplügiň galyndylary, buýan köküniň şiresi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar:Russiýa, BAE, Şweýsariýa, Türkiýe, Serbiýa.Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 16 million 934 müň dollaryndan gowrak boldy.