Habarlar 8 may 2017

Resmi habar

GDA ýurtlarynyň birnäçesiniň baştutanlary hormatly Prezidentimizi Ýeňiş Güni bilen gutladylar

Türkmen döwletiniň baştutanynyň adyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Almazbek Atambaýew gutlag hatlaryny iberdiler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew tüýs ýürekden gutlady.

Resmi habar

Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýolag oýulmagynyň 25 ýyllygy bilen gutlady

Pakistany we Türkmenistany taryhy, medeni-ruhy umumylyklara daýanýan ýakyn hem-de hoşniýetli gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Pakistan mundan beýläk-de Türkmenistan bilen ähli ugurlar, şol sanda syýasy, energetika, medeni we beýleki pudaklar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýär.

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.