Habarlar 9 may 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna iberen baýramçylyk Gutlagynda “1941—1945-nji ýyllar ynsan kowmunyň parahat durmuşyna, adamzadyň mukaddes gymmatlyklaryna, dünýä ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösüşine öwezini dolup bolmajak zyýan ýetiren, XX asyryň örän pajygaly, agyr hem-de gowgaly döwri hökmünde taryhy girdi. Türkmenistanyň halky hem bu gazaply döwürde doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy, bütin adamzadyň azatlygy ugrundaky adalatly we barlyşyksyz göreşe jebisleşip, ikinji jahan urşunyň ýyl ýazgysyna gaýduwsyz edermenligiň, batyrlygyň, watançylyk borjuna wepalylygyň ajaýyp sahypalaryny ýazdylar...” diýip bellenilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Döwlet Baştutanymyz şahsy göreldesi bilen sportuň adamyň durmuşynda eýeleýän möhüm ornuny, tutanýerliligiň, ýokary guramaçylyklylygyň hem-de maksada okgunlylygyň belent nusgasyny görkezýär. Hormatly Prezidentimiz durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde bedenterbiýe hereketini ösdürmäge umumymilli häsiýet berip, halkymyzyň abadançylygy, ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, raýatlarymyzyň beden we ruhy sagdynlygy, ruhy taýdan baý nesli terbiýeläp ýetişdirmek baradaky aladany döwletimiziň esasy wezipeleriniň hataryna çykardy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Bitarap Türkmenistanyň halkyny Ýeňiş Baýramy bilen gutlady

Şol gazaply ýyllarda türkmenistanlylar geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşynyň, tutuş adamzadyň erkinligni hatyrasyna beýleki halklaryň wekilleri bilen egin -egne berip, gaýduwsyz göreşe girdiler. Ildeşlerimiz deňi-taýsyz gaýduwsyzlygyň , edermenligiň we borja wepalylygyň nusgasyny görkezip, Beýik Ýeňşiň senenamasyna şöhratly sahypalar ýazdylar.