Habarlar 10 july 2017

Resmi habar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Haltmaagiýn Battulgany Mongoliýanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli gutlady

Türkmenistanyň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Haltmaagiýn Battulga berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de dostlukly ýurduň mundan beýläk-de öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikler gazanmagy baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Jemgyýet

Türkmen paýtagtynda täze binalaryň açylyş dabaralary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ir bilen täze ýaşaýyş jaýlarynyň töwereginde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Olar dürli öwüşginli şarlar bilen bezeldi. Bu ýere Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäher ýaşaýjylary ýygnandy.

Ylym

Türkmenistanda ýaşlary ýokary okuw mekdeplere kabul etmegiň möçberi artdyryldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Resminamalary kabul etmek işleriniň öňüsyrasynda ýaşlaryň, mekdepleriň uçurymlarynyň arasynda köpçülikleýin düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellemek gerek, ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine bagyşlanan telegepleşikler, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen makalalar bu işlere gönükdirilendir, şeýle hem “Açyk gapylar” günleri geçirildi.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan — Germaniýa: işewür hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň işini täze derejä çykarmak maksadynda dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileri, şol sanda nemes önüm öndürijileri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhümdigini belleýär. Şu günki çäre Türkmenistanyň Ýewropa ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny we özara bähbitli hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge, daşarky bazarda ýurdumyzyň pudaklarynyň ornuny berkitmäge, olaryň eksport, innowasion we maýa goýum mümkinçiliklerini artdyrmaga gönükdirilendir.

Resmi habar

Bosniýa we Gersegowinanyň ilçisi Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan daşary ýurtly myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.