Habarlar 12 july 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Paýtagtymyzda pudagara iş toparynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlisiň barşynda “Saglyk” döwlet maksatnamasynda, ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasynda, “Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň 2015-2017-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynda” hem-de “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” kesgitlenen milli strategiýanyň wezipeleriniň ýerine ýetirilişi hakynda hasabatlar diňlenildi.

Ykdysadýet

Türkmenistanda dünýä bazarlarynda islegli nebit önümleriniň önümçiligi özleşdirilýär

Döwletmyrat ORAZGULYÝEW

Ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýan «Westport Trading Europe Limited-- (WTL)» (ABŞ) kompaniýasy Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Mysal üçin, iki ýyl mundan ozal TNGIZT-nyň düzünindäki Seýdiniň nebti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürýän tehnologik enjam işe girizildi, şu ýylyň başynda bolsa”Ýewro-5” ölçegine laýyk gelýän benziniň komponentini öndürmek boýunça tehnologik enjamyň durky täzelendi.

Ykdysadýet

Türkmen wekiliýeti «John Deere» kompaniýasynyň zawodlarynda boldular

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

«John Deere» kompaniýasy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňden gelýän hem-de ygtybarly hyzmatdaşlarynyň biridir. Dünýä belli amerikan kompaniýasy indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri türkmen bazarynda öz ornuny eýelemek bilen, oba hojalyk tehnikalarynyň iň häzirki zaman ngusgalaryny hödürleýär. Hyzmatdaşlygyň şu döwründe «John Deere» kompaniýasynyň enjamlary ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda öz artykmaçlyklaryny görkezdiler. Ekerançylarymyz olaryň ygtybarlylygyna we netijeliligine ýokary baha berdiler.

Medeniýet

Britan žurnaly Gadymy Merwiň şäher gurluşygyndaky täzeçilligi barada gürrüň berýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bir müň ýyla golaý mundan ozal çig kerpiçden gurlan hem-de biziň günlerimize çenli saklanyp galan bu täsin binada soňky bäş ýylyň dowamynda arheologik we dikeldiş işleri geçirilýär. Olary Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirliginiň hünärmenleri britan, fransuz we polýak kärdeşleri bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrýarlar. Bu ABŞ-nyň döwlet departamentiniň “Medeni mirasy goramak” atly halkara maksatnamasynyň çäklerinde ýerine ýetirilýän ähmiýetli taslama bolup durýar.