Habarlar 14 july 2017

Jemgyýet

Türkmen ekologlary Ramsar konwensiýasynyň ýerine ýetirilişini ara alyp maslahatlaşdylar

Mihail BOBKIN

Hazar döwlet goraghanasynyň ylmy işgärleridir inspektorlary gatnaşdylar. MARSB-nyň usulýet maglumatlary bilen tanyşdyrylyşyň barşynda 2016/17-nji ýyllarda iş toparynyň Ramsar konwensiýasyny ýerine ýetirmek boýunça işi seljerildi. Esasan degişli suw-batgalyk peýdalanylýan ýerleri Ramsar sanawyna goşmak, olary dolandyrmak, topogarfiýasyny anyklamak we ylmy taýdan sebitlere bölmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilata ekologiýa bilimini bermeklige uly üns berildi.

Teswirlemeler

Maýadarlary çekmek we eksport mümkinçiliklerini artdyrmak—möhüm ykdysady ugurlar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu ähmiýetli resminama şu ýylyň birinji ýarymynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ösüşiniň jemlerine bagyşlanyp 7-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edildi. Milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda amala aşyrylýan oňyn özgertmelere baha bermek bilen, ýurdumyzy öz halkynyň mynasyp durmuş derejesini üpjün etmäge, abadançylygyny ýokarlandyrmaga ukyply, dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň hataryna çykarmak babatynda baş maksada ýetilmegine gönükdirilen özgertmeleriň aýratyn möhümdigini belledi.