Habarlar 15 july 2017

Ykdysadýet

Türkmenistanyň DHÇMB-niň söwdalarynyň şertnamasy ABŞ-nyň 7 million 500 müň dollaryna golaý möçberden ybarat boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýeden we Maltadan gelen telekeçiler “Türkmengaz” döwlet kärhanasynyň tehnika önümleriniň birnäçesini satyn aldy. Şonuň bilen bir hatarda daşary ýurt walýutasyna dürli reňkli ýumşak nah ýüplük önümleri satyldy. Olary Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Gruziýa we beýleki döwletler satyn aldy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy.

Medeniýet

Döwlet muzeýinde ekerançylyk däplerine bagyşlanan sergi öz işine başlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Sergä gatnaşyjylara asylly däbe görä, duz-çörek bilen garşylandy we olar saçak başyna çagyryldy. Myhmanlaryň türkmen çöregi, pişme, külçe ýaly milli tagamlar hödürlenildi.

Jemgyýet

Paýtagtymyzda ýol-ulag mümkinçilikleri ýokarlanýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň açylyş dabarasy paýtagtymyzyň halkara howa menziliniň golaýynda köçäniň Bitarap Türkmenistan şaýoly bilen kesişýän ýerinden başlandy.

Jemgyýet

Paýtagtymyzda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik bankynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

10 gatly binanyň umumy eýeleýän meýdany 4430 inedördül metr bolup, onuň 5-10-njy gatlarynda işewürlik merkezi ýerleşdirildi. Binanyň birinji gatynda müşderlere ilkinji hyzmatlary ýola goýýan bölümler ýerleşdirildi. Şeýle hem bu ýerde köp sanly monitorlar oturdylyp, olarda dünýä ýurtlarynda erkin hereket edýän pullaryň nyrhlary, milli manadymyzyň hümmeti, mundan başga-da, olarda birža söwdalaryna degişli maglumatlar On-laýn tertibinde görkezilýär. Munuň özi müşderleriň degişli maglumatlary alyp bilmegini üpjün edýär.

Jemgyýet

Paýtagtymyzyň täze Parahat-7 etrapçasynda jemi 800 orunlyk birbada bäş sany çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şanly waka mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde milli tagamlar, toý pişmeleri taýýarlanyp, olar dabara gatnaşyjylara hödür edildidi. Şunlukda, uly şatlyk-şowhun, aýdym-sazlaryň dabarasy bilen täze gurlan çagalar bagy gapylaryny giňden açdylar. Dürli reňkdäki howa şarlarynyň asmana uçyrylmagy bu ýerde guralan toý çärelerine özboluşly badalga berdi.

Jemgyýet

Paýtagtymyzda birbada 2 müň 540 maşgala täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu ýerde ýurdumyzyň Senagatylar we telekeçiler birleşmesiniň “Birleşme-Gurluşyk” jemgyýetçilik guramasynyň kärhanasynyň buýurmasy esasynda ýerli hususy gurluşyk kärhanalary we hojalyk jemgyýetleri tarapyndan 4 gatly ýaşaýşy jaýlarynyň 60-sy bina edildi. Şeýle hem Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň buýurmasy esasynda 4 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 8-si gurlup, ulanmaga berildi.

Ylym

2017-nji ýylyň giriş möwsümi: täze mümkinçilikler, ýakyn perspektiwalar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Jemagat hojalygy instituty açylyşa taýýarlyk görýärkä, oňa okuwa girmäge dalaşgärlerden resminamalar Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynda kabul edilýär. Olar giriş synaglaryny-da şu ýerde tabşyrarlar. Jemagat hojalygy institutynda 7 ugurdan 12 hünär boýunça hünärmenler taýaýrlanylar. Mysal üçin, „gurluşyk we binagärlik“ ugrundan dört hünär: gozgalmaýan emläge ekspertiza we ony dolandyrmak; gara ýollaryň, köprüleriň we tonneleriň gurluşygy, ulanylyşy we tehniki abatlaýylyşy; ýylylyk-gaz üpjünçiligi we wentilýasiýa; suw akdyryjy we suw serişdelerini goramak ýaly ugurlar bar.