Habarlar 3 july 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Prezident Aşraf Ganiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki goňşy ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara howa menzilinde owgan Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Owganystanyň Baştutanynyň hormatyna uçaryň ýanynda haly düşelen ýodanyň gyrasynda Hormat garawulynyň esgerleri hatara düzüldi. Asylly myhmansöýerlik däbine görä, Prezident Mohammad Aşraf Ganä duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Owganystan ulag we energetika ulgamynda Türkmenistanyň durmuşa geçirjek başlangyçlaryna uly gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen oňyn başlangyçlarynyň möhümdigini belläp, Mohammad Aşraf Gani olaryň durmuşa geçirilmeginde Owganystanyň üstaşyr geçiriji ýurt hökmündäki ähmiýetini nygtady. Şunuň bilen baglyllykda, owgan Lideri türkmen tarapynyň başlangyjy bilen gurulýan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň ähmiýetini, onuň ulanylmaga berilmegi bilen sebitiň ýurtlarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine oňyn täsiri belledi. Owganystanyň halky bu iri taslamanyň durmuşa geçirilmegine uly umyt bildirýär we onuň ulanmaga berilmeginiň şaýady boljakdygyna ynanýar diýip, owgan Lideri aýtdy.