Habarlar 4 july 2017

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin dostlukly ýurduň önümleriniň gözden geçirilişini guramak baradaky başlangyjy öňe sürdüler we bu sergi Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan çäreleriň çäklerinde geçirilýär.

Jemgyýet

Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi: usulyýet we amalyýet

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Žurnal owadan suratlar bilen bezelen, Amyderýanyň üstünden çekilen awtomobil we demir ýol köprüleri baradaky makala bilen açylýar. Bu desgalar inžener-tehniki taslamalaşdyrmakda innowasiýalary alamatlandyrýar. Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösdürilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz taryhyň dowamynda kemala gelen yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär we onuň halkara ulag çatrygy hökmündäki ähmiýeti biziň döwrümizde has-da artýar. Türkmenistan köpri gurmak babatda dünýä tejribesini üstünlikli özleşdirýär. Täze köprüleriň ikisiniň açylmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Okyjylar žurnalyň sahypalarynda olar barada anyk ...

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Jemgyýet

Çoganlyda täze kottejler toplumy kemala geldi

Wladimir KOMAROW

Kottejleriň daş keşbi owadandyr, üçegi demir çerepisadan, diwarlary blok kerpiçden, bezegleri çyga durnukly we gyzgynlyk geçirmeýän fibrosementdendir. Olar durşuna özbaşdakdyr: özbaşdak ýyladyjyly, gyzgyn suw berilýär, otaglary şemallaşdyryjylaryň WRV ulgamy, zerur gaz we elektrik enjamlary, durmuş üçin gerekli beýleki zatlar bilen üpjün edilen IPI ulgamy arkaly telewideniýe, internet, telefon birikdirilen.

Medeniýet

Täze möwsümde aşgabatlylar Gurjak teatrynda „Arşyn mal alan „ oýnuna tomaşa edip bilerler

Tamara GLAZUNOWA

Gündogarda ozal ýaşlar ata-enesiniň islegine görä durmuş gurupdyrlar. Olar köplenç diňe toýda tanyşýan ekenler. „Arşyn mal alan“ komediýasynyň baş gahrymany ozaldan gelýän däbe garşy çykyp, öz halanyny almak isleýär. Ýöne ýüzi nikaply gyzy neneň halarsyň? Onuň agasy Süleýman inisine mata satýan täjir bolan bolup, öýme-öý aýlanyp gelin-gyzlara dürli mata hödürlemegi teklip edýär. „Arşyn mal alan“ arşynlap mata satýan diýmekdir. Askeriň ariýasyndaky „Sag bolsun Süleýman, ol maňa öýlenmäge ýardam etdi!“-diýen sözleri dünýä ýüzüne ýaýrap,bu gülküli waka diňe bir GDA ýurtlaryna däl, eýsem ABŞ-dyr Hytaýda-da meşhurlyk gazandy.

Wakalaryň jümmüşinde

Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara hormatly Prezidentimiziň gutlagy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklerini hem-de taraplaryň söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge özara gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezýär.