Habarlar 6 july 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziada-2017-ä taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bir aýdan gowrak wagt mundan ozal, 30-njy maýda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigini gözden geçiren mahalynda döwlet Baştutanymyza türkmen ýygyndy toparynyň agzalarynyň, işgärleriň hem-de oýunlaryň meýletinçileriniň lybaslarynyň görnüşleri hödürlenildi. Görkezilen nusgalaryň arasyndan birnäçe görnüşi saýlanyp alyndy. Milli Liderimiz olar boýunça hem birnäçe görkezmeleri berdi. Şu gün bu lybaslar milli Liderimiziň aýdan bellikleri nazara alnyp, täzeden işlenen görnüşinde görkezildi.

Jemgyýet

Paýtagtymyzyň günbataryndaky iri ýaşaýyş jaý toplumynyň gerimi giňeýär

Wladimir KOMAROW

Paýtagtymyzyň günbatarynda aşgabatly maşgalalaryň 2260-syna niýetlenen iri ýaşaýyş jaý toplumy kemala geldi. Jaýlar Görogly we Gurbansoltan eje köçeleriniň arasynda hem-deTaslama köçesiniň günbatarynda bina edilýär. Bu ýerde onlarça gektar ýerde ak mermere bürenen dört gatly jaýlaryň 60-sy guruldy.

Medeniýet

Milli žiwopis mekdebiniň ussatlary: Aýhan Hajyýew

Tamara GLAZUNOWA

Aýhan Hajyýew 1924-nji ýylda Aşgabadyň etegindäki dünýä belli Parfiýa şalygynyň paýtagty Nusaýyň taryhy-medeni ýadygärliginiň golaýyndaky owadan Bagyr obasynda dogulýar. Ir ýogalan kakasy Aýhanyň ýadynda galmandyr, ajaýyp bilim alan, mugallymçylyk eden we türkmençeden rus diline terjime bilen meşgulanan agasy welin ýadynda galypdyr.Ejesi çeper elli keşdeçi eken, şonuň üçinem ogullarynyň surat çekmäge höwesi maşgalada goldaw tapypdyr.

Resmi habar

Türkmenistanda Burkina-Fasonyň ilçisi işe başlady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini ýurdumyzda diplomatik işine başlamagy bilen gutlap, Türkmenistanyň we Burkina-Fasonyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Hyzmatdaşlyk

Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Iki dostlukly ýurduň arasyndaky köptaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň täsirli mehanizmi bolmaga gönükdirilen bu ýöriteleşdirilen sergi okgünly ösýän hem-de uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri we ugurlary bilen daşary ýurtly işewürleriň ünsüni özüne çekýän türkmen bazaryna hytaý işewürleriniň uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyň görkezdi.

Resmi habar

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady

Biziň Maliýe ministrliklerimiziň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça özara düşünişmek hakynda ýakynda gol çekilen Ähtnama hem üstünlikli hyzmatdaşlygyň aýdyň subutnamasydyr. Geçen ýyllaryň içinde köp zat gazanyldy, emma hyzmatdaşlygymyzy has-da giňeltmek üçin mümkinçilikler bar. Hususan-da, bu babatda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikler bardyr.