Habarlar 7 july 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, şäherleriň we etraplaryň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Resmi habar

2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar

Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 1169 manat möçberde; Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň aýda iň pes möçberi 343 manat möçberde; pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin binýatlyk ululygy 279 manat möçberde; döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin binýatlyk ululygy 266 manat möçberde belleniler.

Wakalaryň jümmüşinde

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de eden ÇY­KY­ŞY

Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň şu gün­ki mej­li­si­ni ta­mam­la­mak bi­len, ge­çen ýa­rym ýyl­da bi­ziň baş mak­sa­dy­my­za ýet­mä­ge gö­nük­di­ri­len örän mö­hüm öz­gert­me­le­ri ama­la aşyr­mak­da no­bat­da­ky ädim­le­riň ädi­len­di­gi­ni bel­le­mek is­le­ýä­rin. Bu mak­sat mäh­ri­ban hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­mu­şy­nyň my­na­syp de­re­je­si­ni we hi­li­ni üp­jün ed­ýän, adam­la­ryň hal-ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len dün­ýä­niň ösen de­mok­ra­tik döw­let­le­ri­niň de­re­je­si­ne çyk­mak­dan yba­rat­dyr.

Resmi habar

Resmi habarlar

*** Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetguly Atamuhammedowiç Muhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

Ylym

Türkmen alymlary Aralyň kynçylyklarynyň netijelerini azaltmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Ýelena DOLGOWA

Ýurdumyzyň alymlary daşky gurşawy , biologik köpdürliligi we ekologiýa ylgamlaryny goramak boýunça netijeli iş alyp barýarlar, ýerleriň çölleşmegine we ekin dolanşygyndan ulanyşdan galmagyna garşy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça çäreleri işläp taýýarlaýarlar. Aralyň töwereginde durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýy gowulandyrmak bu ugurdaky işiň möhüm ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda suwdan we tebigatdan peýdalanmak, oba hojalygyny ýöretmek, energiýanyň alternatiw çeşmelerinden peýdalanmak babatda täze tehnologiýalary we amallary işläp taýýarlaýarlar. Bu ugra forumyň barşynda syn berildi.

Resmi habar

Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahaty 9-njy oktýabrda geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyny çagyrmak baradaky Permanga gol çekdi.

Jemgyýet

Oba ýerlerini suw bilen üpjün etmegiň ulgamy döwrebaplaşdyrylýar

Batyr ÖRÄÝEW

Häzir wagtda ýurdumyzda alysdaky obalaryň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça toplumlaýyn maksatnamalar durmuşa geçirilýär, olar suw üpjünçiligniň düzümini ösdürmegi, innowasion tehnologiýalaryň özleşdirilmegini göz öňünde tutýar. Täze kärhanalar, suw hojalygynyň dürli binalary gurulýar, suw geçirijileriň ýüzlerçe kilometri çekilýär, hereket edýänleriniň durky täzelenilýär we dörebap talaplara laýyk getirilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy ikinji ýarymynda ösdürmegiň ugurlaryny kesgitledi

Geçen ýarym ýylda biziň baş maksadymyza ýetmäge gönükdirilen örän möhüm özgertmeleri amala aşyrmakda, adamlaryň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga gönükdirilen dünýäniň ösen demokratik döwletleriniň derejesine çykmakda nobatdaky ädimler ädildi – diýip döwlet Baştutanymyz belledi.

Resmi habar

RESMI HABAR

Döwlet topary 2017-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmäge we onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramaga borçly edildi. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine iş toparlaryna talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmek tabşyryldy.