Habarlar 12 august 2017

Resmi habar

Pudaklary ösdürmek wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça çäreler kesgitlenildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýurdumyzyň maliýe-ykdysady ulgamynda geçirilen maslahata ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, maliýe we salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahatda köpugurly mümkinçilikler, iri möçberli özgertmeleriň, maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmeginiň, dürli ulgamlarda iň täze tehnologiýalaryň peýdalanylmagynyň geljekde hem türkmen ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary depginleriniň üpjün edilmegine, daşary söwda dolanyşygynyň hem-de girdejileriň artmagyna ýardam berjekdigi bellenildi. Bu ulgamda öňde goýlan maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň, şeýle hem halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň bazar ykdysadyýeti şertlerinde mundan beýläk-de durnukly, deňeçer ösüşiniň gazanylmagynyň möhümdigi ...

Jemgyýet

Ýaşlar maglumatlar-bilim merkezi ýetginjekleriň arasynda işjeň iş alyp barýar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilelikdäki başangyjy bilen şu ýylyň aprelinde döredilen „Deň-duşlar bir-birege öwredýärler“ atly ýetginjekler Maglumatlar-bilim merkezi ýurdumyzda işjeň ýaşlar hereketleriniň biridir. Merkez paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde ýerleşýär. Onuň hatarynda Y-PEER (terjimesi „deň-duş deň-duşa öwredýär“ ýa-da „ deň-duşlar birek-birege öwredýär“) ulgamyndan ýörüte okuw-türgenleşiklerinde bilim we söhbetdeşlik endiklerini öwrenen ýaşy 15-den 24 aralygyndaky ýokary synp okuwçylaryndan we mekdebi golaýda tamamlanlardan meýletinleriň ençemesi bar.Bu işe dürli döredijilik gurnaklaryna gatnaýan oglan-gyzlar-da işjeň çekilýär.

Wakalaryň jümmüşinde

“Awazada” Hazar deňziniň güni mynasybetli çäreler guraldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda bu çäräni Türkmenistanyň Daşky gurşawy tebigaty goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasy we Balkan welaýat häkimligi bilelikde guradylar. Onuň maksatnamasyna “Sagndynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça gazanylýan üstünlikler” atly ylmy-amaly maslahat, medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri girizildi.

Jemgyýet

Döwlet Baştutanymyzyň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Neşir kanunçylygyň, jemgyýetçilik asudalygynyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmeginde örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýän Türkmenistanyň IIM-niň alyp barýan işlerine bagyşlanypdyr. Kitapda döwlet gurluşynyň bu möhüm edarasynyň kemala gelmeginiň taryhy hem-de bu düzümlerde köp ýyllaryň dowamynda işlän we baý tejribe toplan Mälikguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandy açylyp görkezilýär.