Habarlar 2 august 2017

Teswirlemeler

Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir

Muňa Türkmenistan-Hytaý halkara gaz geçirijisi aýdyň subutnamadyr, onda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny müňýyllyklaryň dowamynda baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek taglymlary öz beýanyny tapdy. Döwletara ylalaşyklaryna laýyklykda, ýakyn geljekde türkmen gazynyň HHR-e iberilýän möçberleri 65 milliard kubmetre ýetiriler. Bu iri energetika desgasynyň dördünji şahasyny gurmagyň taslamasy ýokary depginlerde işlenip taýýarlanylýar.

Aziada 2017

«Aşgabat 2017» oýunlaryna gatnaşyjylary akkreditasiýa etmek boýunça Merkez işe başlady

Merkeziň iş wezipelerine oýunlaryň guramaçylary we gatnaşyjylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň türgenleri, Milli Olimpiýa Komitetleriniň resmi adamlary, eminler, meýletinçiler, şeýle hem Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, halkara habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri üçin akkreditasiýa resminamalaryny taýýarlamak we çap etmek meseleleri girýär.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkiýäniň işewir toparlary türkmen bazarynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalara işjeň gatnaşmaga taýýar

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhammedow we myhman dürli pudaklarda uzakmöhletleýin işewir gatnaşyklaryň oňyn tejribesine esaslanýan türkmen-türk özara gatnaşyklarynyň wajyp ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Bellenilişi ýaly, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar, döredilen kadalaşdyryjy-hukuk binýady, şeýle hem Türkmenistanyň we Türkiýäniň halklaryny birleşdirýän mizemez dostluk we taryhy-medeni umumylyk iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ygtybarly kepili bolup durýar.

Resmi habar

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýurdumyz bilen dostlykly hyzmatdaşlygyň ösjekdigine ynanýandygyny belledi

Diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlanyna 25 ýyl dolan Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň arasyndaky dostlykly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeljekdigine we pugtalanjakdygyna ynanýaryn. Prezidentlik döwrümde biziň ýurtlarymyzyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalary ederin – diýip hatda aýdylýar.

Aziada 2017

„Aşgabat 2017“; yklymyň sport taryhynda täze sahypa

Döwletmyrat ORAZGULYÝEW

17-nji sentýabrda başlanýan ýaryşyň uly möçberlidigine şular hem şaýatlyk edýär. Okeaniýa ýurtlary ilkinji gezek Aziýa oýunlaryna gatnaşarlar, oňa gatnaşýanlaryň sany 64-e ýetdi. Oýunlaryň maksatnamasyna türkmen lideriniň başlangyjy bilen milli göreş we atçylyk sportynyň gyzykly görnüşi bolan konkur goşuldy.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Hyrat şäherinde adam pidalaryna getiren terrorçylyk zerarly gynanç bildirdi

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda aýdylýar.