Habarlar 8 august 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan we Azerbaýjan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini beýan etdiler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiziň uçary Baku şäherine çenli uçuşy amala aşyryp, iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky Halkara howa menzilinde gondy. Türkmen Lideriniň gelmegi mynasybetli haly ýodajygynyň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldiler. Myhmansöýerliginiň asylly däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.

Ykdysadýet

Alymlar gara mallaryň netijeli tohumlaryny döretmek ugrunda iş alyp barýarlar

Ýelena DOLGOWA

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Maldarçylyk we weterinariýa institutynyň hünärmenleri zootehniklere, maldarlara, maldarçylyk toplumlarynyň we fermalarynyň eýeleri bolan telekeçilere ýardam berýärler. Alymlar ýerlerdäki hojalyklara baryp, malalryň tohumçylk işi, sanjym edilişi we saklanylyşy barada maslahatlar berýälr.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen Lideri Azerbaýjanyň Hökümetiniň baştutany bilen duşuşyk geçirdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Azerbaýjanyň hökümetiniň ýolbaşçysy milli Liderimizi mübärekläp, döwlet Baştutanymyzy ýokary derejedäki gepleşikleriň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady hem-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň wajypdygyny nygtady.

Wakalaryň jümmüşinde

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ilham Aliýew KHBS-niň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Döwlet Baştutanlary ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijelerini teswirlediler. Şol duşuşyklar ikitaraplaýyn möhüm resminalaryň toplumyna gol çekilmegi bilen tamamlandy. Esasy resminama Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Jarnama boldy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti: Hazardaky bilelikdäki taslamalar örän uly parahatçylyk döredijilik we ykdysady kuwwata eýedir

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Biziň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygymyz Hazar deňzini parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, ylalaşygyň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň deňzine öwürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakyndaky Konwensiýanyň üstünde bilelikde işlemegiň tamamlanyp barýandygyny belledi.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 40 göterim artdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şunda ikitarapda hem bar bolan mümkinçilikleriň ýeterlik peýdalanylmaýandygy, söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýynyň iki ýurduň hakyky mümkinçiliklerine laýyk gelmeýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn söwda gatnaşyklarynyň hem-de haryt dolanyşygynyň depginleriniň ýagdaýyny bilelikde içgin seljermegi teklip etdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Bakuda giňişleýin düzümde türkmen-azerbaýjan gepleşikleri geçirildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gepleşiklerde azerbaýjan lideri çykyş edip, Azerbaýjanyň hem-de Türkmenistanyň halklaryny asyrlaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň baglanyşdyrýandygyny nygtap, häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykýar. Syýasy, ykdysady, energetika ulgamlarynda iki halkyň abadançylygynyň, milli bähbitleriniň üpjün edilmeginiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň bähbidine ösdürilýändigini aýtdy.

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň liderleri hyzmatdaşlyk strategiýasyny ara alyp maslahatlaşýarlar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ýokary derejeli türkmen-azerbaýjan gepleşikleri iki lideriň ikiçäk duşuşygy bilen başlandy. Gepleşikleriň gün tertibine halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak, ikitaraplaýyn söwdanyň meöberlerini artdyrmak, bilelikdäki energetika we ulag--üstaşyr taslamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri boýunça pikir alyşmak we medeni-ynsanperwerlik ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri girizildi.