Habarlar 15 september 2017

Wakalaryň jümmüşinde

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinden

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz gün tertibine girizilen meselelere geçip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarowa söz berdi. Wise-premýer Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, kärhanalaryň hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky guramalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem pensiýalary, döwlet kömek pullaryny we talyp haklaryny tölemek boýunça meýilnamanyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Wakalaryň jümmüşinde

Olimpiýa şäherçesinde “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň otuzysynyň baýdaklary galdyrdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dabara Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň ýolbaşçylarynyň gutlag sözünden soň başlandy. Ilkinji bolup baýdagy galdyrmak hormatyna Butanyň topary mynasyp boldy. Soňra olimpiýa toplumynyň ýokarsynda Omanyň baýdagy galdyryldy. Üçünji bolup Palau ada döwletiniň ýygyndy toparynyň milli baýdagy belende galýar, soňra Filippinleriň baýdagy galdyrylýar. Bu ýurduň wekiliýeti “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşýan wekiliýetleriň iň köp sanlysynyň biridir. Bäşinji bolup Kataryň ýygyndysynyň baýdagy galdyrylýar.

Resmi habar

Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

Bu resminama bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen tassyklandy.

Resmi habar

BAE-de Türkmenistanyň täze ilçisi bellenildi

Bu wezipä bellenilmezinden ozal S.Garajaýew Türkmenistanyň eýran Yslam Respublikasyndaky (Maşat şäheri) Baş konsuly wezipesinde işledi. Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen oňa Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi diýen diplomatik dereje berildi.

Sport

Türkmenistanyň we Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýuriý Ambarsumow „Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň myhmany

Döwletmyrat ORAZGULYÝEW

Onuň şägirtleriniň köpüsi halypa ýoluny dowam edip, şeýle hormatly ada mynasyp boldular. Olardan Omar Muhammetnazarowy, doganlar Mirdury we Dörtguly Tejenowlary we beýleki zehinli halypalry görkezmek bolar. Häzir Ýuriý Sergeýewiç Moskwa oblastynyň Lýubnýa şäherinde ýaşaýar we sambo hem-de dzýudo boýunça tälimçi bolup işleýär. Ondan tälim alan Şamil Abdulaýew, uýalar Wera we Lýubow Makarçewalar RF-niň çempionatlarynda ýeňiş gazandylar. 2008-nji ýylda Ýuriý Ambarsumowa Russiýanyň at gazanan tälimçisi diýen at dakyldy.