Habarlar 19 september 2017

Aziada 2017

Oýunlaryň dördünji güni Türkmenistanyň öňdeligini tassyklady

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Guşakly göreş boýunça ýaryşlara badalga berildi. Sportuň bu görnüşinde Türkmenistanyň toparynyň oňat mümkinçilikleri bar, muny birinji oýun güni tassyklady, şunda erkin görnüşde tutluşyklar geçirildi. Şonda türkmen pälwanlarynyň on bäşisi finala çykdy, olaryň dört tutluşygynda diňe türkmen türgenleri çykyş etdiler, bu bolsa Türkmenistanyň ýygyndy toparyna hem altyn, hem kümüş medallary kepillendirdi.

Hyzmatdaşlyk

Dünýä sportunyň ýyldyzlary – “Aşgabat 2017” oýunlarynyň myhmanlary

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Indi olar meşhur jemgyýetçilik işgärleri we sportuň wagyzçylarydyr. Olar sportuň ilçileri bolmak bilen dürli ýurtlarda diplomatik wezipäni ýerine ýetirýärler. W.Tretýak we I.Rodnina Türkmenistanda täze hakyky dostlaryny we muşdaklaryny tapdylar. Şoňa görä-de, meşhur “buz ussatlarynyň” Aziada — 2017-niň açylyş dabarasyna gatnaşmaklaryndan başga-da, olaryň paýtagtymyzda bolmagynyň maksatnamasyna ýaş türkmen türgenleri hem-de olaryň halypalary bilen duşuşyklar girizildi.

Jemgyýet

Pygy Baýramdurdyýew: Oýunlar ýurdumyzyň beýik gazananlaryny alamatlandyrýar

- Türkmenleriň taryhy ahalteke bedewi bilen aýrylmaz baglydyr.Türkmenler: “Atym – ganatym” diýýär. Bedew – türkmenleriň ganaty, taryhyň barşyna okgunlylyk beren gymmatlygy.Hut şoňa görä-de, Aşgabat Aziadasynyň açylyş dabarasy we tutuşlygyna onuň hemme çäreleri bedew bilen baglanyşykly boldy.

Aziada 2017

Aýsoltan Garçowowa jiu-jitsu boýunça geçirilen ýaryşlarda altyn medala eýe boldy

Şu gün “Ne-waza” görnüşi boýunça medallar ugrundaky ýaryşlar dowam etdi.

Hyzmatdaşlyk

Azerbaýjanyň Türkmenistandaky ozalky Ilçisi Wahdat Sultan-zade sport baýramyndan galan täsirler barada gürrüň berýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

-Türkmenistanda diplomatik wezipäni ýerine ýetiren döwrüm mende ýakymly täsirler galdyrdy we düşünjämi artdyrdy,---diýip Wahdat Mämmmedowiç söhbetdeşlikde aýtdy. –Maňa ýurduň jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşi babatda taryhy işleriň durmuşa geçirilişiniň şaýady bolmak miýesser etdi.