Habarlar 20 september 2017

Jemgyýet

Awtobuslardaky gatnaw üçin nagt däl tölege geçmäge girişildi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Täze ulgam tiz wagtda nagt serişdeler bilen hasaplaşmagy aradan aýyrmaga mümkinçilik berer. Bu bolsa sürüjiler we ýolagçylar üçin töleg amatlyklaryny ýokarlandyrar.

Aziada 2017

Türkmenistanyň ýygyndysy oýunlaryň umumytoparlaýyn hasabynda ynamly öňde barýar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu gün Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisi geçirildi. AOG-niň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah assambleýada çykyş edip, şu günler Türkmenistanyň paýtagtynda geçýän “Aşgabat 2017” oýunlarynyň ajaýyp guralandygyny, Olimpiýa şäherçesiniň sport desgalarynyň ýokary derejesini belledi. Aşgabatda Aziýanyň we Okeaniýanyň wekillerini ýygnan giň gerimli sport çäresiniň geçirilmegi netijeli hyzmatdaşlygyň, hoşniýetli erk-islegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň alamaty boldy diýlip bellenildi.

Medeniýet

Aziadanyň uly möçberli açylyş dabarasynyň bir parçasy Parfiýa Nusaýyna bagyşlandy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Aşgabadyň 45 müň adamlyk Olimpiýa stadionyna gelen tomaşaçylaryň öňünde türkmeniň taryhyndan pursatlar, eziz Watanymyzyň şöhratly gahrymanlary, gadymy döwürde, antik, orta asyrlarda we täze taryhda beýik ata-babalarymyzyň esaslandyran kuwwatly döwletleri janlandy.

Aziada 2017

5 bürünç baýrak milli ýygyndymyzyň medallarynyň sanyny artdyrdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmen pälwanlarynyň 14-si final duşuşygyna çykdylar, özi-de iki finalda diňe ildeşlerimiz gatnaşar. Bu bolsa ýygyndy toparymyza altyn we kümüş medallary kepillendirýär. Ýeňijiler günüň ikinji ýarymynda kesgitlener.