Habarlar 4 september 2017

Ylym

Energetika institutynyň talyplary metallary işläp taýýarlamagyň täze tehnologiýalaryny öwrenýärler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Merkez aýry okuw-önümçilik binasynda ýerleşýär. Ýagtydan giň okuw otaglary dünýäniň öňdebaryjy firmalarynyň öndürýän tokarçylyk enjamlary, güýçli gidrawliki press, giýotin gaýçylary diýilýäni we beýleki gurallar bilen üpjün edilen. Merkezi enjamlaşdyrmaga hindi hünärmenleri uly ýardam berdiler. Täze enjam sapaklarda synagdan üstünlikli geçdi.

Medeniýet

Milli žiwopisiň halypalry: Bäşim Nuraly

Tamara GLAZUNOWA

Ol ХХ asyr bilen ýaşytdaşdy—1900-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda doglupdy. Atadan ir galyp, baýyň elinde batrak bolardy. Soňra Hazydark obasynda dowar bakdy. Gyşyna öýlerindäki ýekeje sygryň süýdüni satyp güzeran aýlamak üçin Aşgabada taýharlyja gaýdardy...

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmen ili Gurban baýramyny belleýär

Ahal welaýatynda Änew şäheriniň meýdançasy dabaralaryň merkezi boldy, bu ýerde baýramçylyk ak öýleri we belent hiňillikler dikildi. Ýigitler ahal-teke bedewlerini atlansalar, çeper elli zenanlar nepis el senedini görkezdiler, erkek adamlar äpet gazanlarda dürli tagam atardylar. Aksakal ýaşulylar ýaş-ýigdekçeler bilen dograma dograýardylar, palawyň hoşboý ysy çar bark urýardy. Welaýat Medeniýet müdirliginiň, şäherleriňdir etraplaryň medeniýet bölümleriniň artistleriniň gatnaşmagynda köp adamly konsert boldy.

Ylym

Pissäniň tejribe nusgalary Botanika bagynyň alymlaryny ýokary hasyllylygy bilen begendirdi

Eke ATAÝEW, TYA-nyň Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň baş ylmy işgäri

Ýurdumyzda alymlar onuň medeniýetleşdirilen görnüşlerini ýabanylary bilen çaknyşdyryp, iri hem tagamlyk sypatlary saklanyp galýan görnüşlerini döretmek boýunça iş alyp barýarlar. Munuň üçin Biologiýa we dermanlyk ösümlikleri institutynyň Botanika bagynyň hünärmenleri ekologlar we agaç ekýänler bilen hyzmatdaşlykda köp ýyl bäri ylmy barlaglary alyp barýarlar, olar pissäni medeni zolaklarda hem, dag eteklerinde hem oturtýarlar. Ösümligiň peýdaly sypatlarynyň barlagy onuň nahalyny we tohumyny saýlap almak, sapmak we alyşmak esasynda amala aşyrylýar, alymlara olary pissäniň tebigy şertlerde ösýän ýerlerinden yzygideerli iberýäler.