Habarlar 6 september 2017

Jemgyýet

V Aziýa oýunlarynyň terjimeçiler toparynda “Dalçyn” okuw we terjimeçilik merkeziniň hünärmenleri

Eziz Öwezow

Oýunlaryň taýýarlyk işlerine döwlet edaralary bilen bilelikde hususy eýeçilik ulgamynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýar. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň arasynda Aşgabat 2017 oýunlarynyň taýýarlyk işine mynasyp goşandyny goşýan kärhanalaryň biri hem “Dalçyn” okuw-terjimeçilik merkezi bolup durýar.

Jemgyýet

Milli žurnalistleriň bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Şu gün redaksiýanyň işgärleriniň, “Türkmengaz” döwlet konserniniň, nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň, “Nebitgazhyzmat” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň hem-de myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň, milli telewideniýäniň, “Türkmenistan” hem-de “Biznes Reklama” gazetleriniň, “Zenan kalby” žurnalynyň žurnalistleri, şeýle hem nebitgaz toplumynyň kärdeşler arkalaşygynyň we ýaşlar guramasynyň işgärleri, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň hem-de Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary bar.

Ykdysadýet

Demirgazyk welaýatynda pagta ýygym möwsümi başlady

Ýurdymyzyň demirgazyk sebitinde 140 müň gektar ýeri eýeleýän gowaça meýdanlaryndan “ak altynyň” 230 müň tonnasyny ýygnamak göz öňünde tutulýar. Welaýatyň ekerançylary orta süýümli gowaçanyň ýerli şertlere uýgunlaşdyrylan “Daşoguz-120”, “Serdar”, C-4727”, Daşoguz-114”, “Jeýhun” we “Gubadag-3” ýaly sortlaryny ileri tutýarlar.

Resmi habar

Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah: Oýunlar Türkmenistanyň taryhy üstünliklerini artdyrar

Şu nurana baýramçylykda Size hem-de Siziň ajaýyp ýurduňyza mundan beýläk-de gülläp ösüş we abadançylyk arzuw edýärin, - diýip, hatda aýdylýar. – Şu mümkinçilikden peýdalanyp, ýakyn wagtda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny üstünlikli geçirmek üçin Siziň berýän goldawlaryňyza hoşallyk bildirýärin.

Wakalaryň jümmüşinde

Olumuiwa Benard Aliu IKAO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýandygy tassyklady

Myhman raýat awiasiýasy babatda iri möçberli özgertmelere ýokary baha berip, dünýäniň awiasiýa döwletleriniň hatarynda häzir Türkmenistanyň öňdäki orunlary mynasyp eýeleýändigini nygtady.

Wakalaryň jümmüşinde

Hormatly Prezidentimiz we Sergeý Prihodko türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň geljegi barada maslahat etdiler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň baştutany Dmitriý Medwedewiň milli Liderimize we onuň üsti bilen tutuş türkmen halkyna parahatçylyk hem-de abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny we salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha we döwletara hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Jemgyýet

Türkmenistanyň paýtagty „Aşgabat 2017“ Oýunlaryny toý lybasyna beslenip garşy alýar

Zinýat GAFFARI

Müdimi ýaş güneşli Aşgabat gözel binalarynyň ajap sazlaşygy bilen günsaýyn ösýär, özgerýär. Köçeleridir şaýollary giň, bagy-bosn, täzeden- täze meýdançaly, çüwdürimli-seýilgäh toplumly, kaşaň desgaly ak mermere bürenen şäherimiz Gündogaryň merjenidir. Onuň başy belent binalary, asman sary ymtylýan gümmezleri bilen, Köpetdagyň etegine tarap ösýän paýtagtymyz şäherleriň gözeli.

Laws