Habarlar 9 september 2017

Resmi habar

Milli Liderimiz Meksikada bolup geçen ýer titremesi zerarly gynanç bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Jemgyýet

Ildeşlerimiz haj parzyny berjaý etdiler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ildeşlerimiziň 160 sanysy Saud Arabystany Patyşalygynda dünýäniň ähli künjeklerinden keramatly Käbä sežde etmäge gelen millionlarça zyýaratçylaryň hataryna goşuldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen "Türkmenhowaýollary" gullugy türkmenistanlylar üçin ýörite howa uçuşyny gurady.

Wakalaryň jümmüşinde