Habarlar 1 ýanwar 2018

Medeniýet

Heýkeltaraş Saragt Babaýewe «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyň dakylmagy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi

Ussada hormat goýmaga hökümetiň agzalary, görnükli medeniýet we sungat işgärler, onuň şägirtleri we döredijiliginiň janköýerleri ýygnandylar. Ýygnananlar S.Babaýewiň türkmen halkynyň döredijilik däplerini ösdürmäge, bagtyýarlyk döwrümizi sungatyň dilinde wasp etmäge, paýtagtymyzyň binagärlik gözelligini artdyrmaga, zehinli ýaşlary terbiýelemäge, şägirtleri ýetişdirmäge goşan aýratyn goşandyny belläp, sungat ussadyna iň gowy gutlaglaryny aýtdylar. Oňa geljekde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Jemgyýet

Täze, 2018-nji ýyly belent sepgitlere ýetmek arzuwlary bilen garşylaýarys!

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ministrler Kabinetiniň 29-njy dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylda ýerine ýetirilen işleri gysgaça jemläp, oňa oňyn baha berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, tebigy gazy iri öndüriji bolup durýan Türkmenistana häzirki çylşyrymly şertlere uýgunlaşmak we ösüş depginlerini saklamak başartdy. Mundan başga-da, ýurdumyzyň senagat toplumyny köpugurly esasda ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler işjeňleşdirildi, tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, täze turbageçirijileri gurmak, tebigy serişdeleri özleşdirmek, ykdysadyýetimiziň döwlete dahylly bolmadyk pudagyna — telekeçilige goldaw bermek boýunça giň möçberli maksatnamalar kabul edildi.