Habarlar 10 ýanwar 2018

Hyzmatdaşlyk

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy Malaýziýanyň UTP uniwersitetine okamaga çagyrýar

*Maşyngurluşygynyň tehnologiýasy *Himiki maşyngurluşyk *Nebitgaz çykarmagyň tehnologiýasy *Elektrika we elektronika *Geologiýa we geofizika *Maglumat kompýuter tehnologiýalary/Işewür maglumat bermegiň ulgamy

Wakalaryň jümmüşinde

2017-nji ýylda harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlendi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ilki bilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Ý.Berdiýew ýurdumyzyň goranyş ukyplylygyny artdyrmak, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de hünärli harby işgärleri taýýarlamak maksady bilen geçen ýyl ýerine ýetirilen işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Şeýle hem ministrligiň garamagyndaky düzümlerde işleriň jemleri hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilmeginiň hormatyna geçiriljek çäreler barada habar berildi.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permana gol çekdi

ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Serdar Gurbangulyýewiç Mälikgulyýew Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine bellenip, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy;