Habarlar 11 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Prezidenti we Malaýziýanyň daşary işler ministri hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Malaýziýanyň ýolbaşçylar düzüminden Döwlet Baştutanymyza we tutuş ýurdumyzyň halkyna aýdan bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Wakalaryň jümmüşinde

Kreýg Ridi: Bütindünýä Dopinge garşy agentligi Türkmenistanyň Milli dopinge garşy agentliginiň ösdürilmegine ýardam bermäge ygrarlydyr

Siziň howandarlygyňyzda Türkmenistanda Merkezi Aziýanyň Sebit dopinge garşy guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi hem-de 2017-nji ýylyň maý aýynda dopinge gözegçilik inspektorlaryny taýýarlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşanlaryň aýtmaklaryna görä şol mejlisiň üstünlikli geçendigini Size habar bermäge şatdyryn. Şeýle hem Sizi we Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Ýerine ýetiriji komitetini bu Oýunlaryň Aşgabatda ýokary derejede guralandygy hem-de geçirilendigi bilen gutlamak isleýärin.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek hakyndaky çözgütleri kabul etdi

Döwletmuhammet Muhammetnazarowiç Babaýew Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesine;

Jemgyýet

Geçen ýylyň soňky üç aýyň dowamynda Türkmenistanda internetden peýdalanýanlaryň sany 1,2 esse artdy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýurudumyzda bütin dünýä ulgamdan peýdalanyjylaryň sany yzygiderli artýar. 2017-nji ýylyň 5-nji oktýabryndan 31-nji dekabryna çenli bütin dünýätora birikdirilen adamlaryň sany 1,2 esse, ulgamlaýyn hyzmatlary etmekden alnan girdejiler bolsa 2 million manada çenli artdy. Muny milli nternet –prowaýderleriň sowatly marketing strategiýasynyň hem-de ilat üçin bahalaryň ortaça 35 göterime çenli peseldilmeginiň hasabyna gazanmak başartdy.

Ylym

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň analitikleri ekologiýa maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar

Ýelena DOLGOWA

Bu bölümiň müdiri Nury Atamyradowyň belleýşi ýaly, institutyň täze bölümi bag ekmek çärelerinde we tokaýlary kemala getirmekde, bilelikdäki ekologiýa taslamalaryny durmuşa geçirmekde, şeýle hem tebigaty goraýyş milli işlere ekologiýa menejmentiniň dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň ugurlary boýunça maslahat kömegini bermäge niýetlenendir.

Ylym

Çölde pisse ýetişdirmek boýunça synag işleri netijeli alnyp barylýar

Ýelena DOLGOWA

Laboratoriýanyň uly ylmy işgäri Güljemal Gurbanmämmedowanyň aýtmagyna görä, bu synaglar 2014-nji ýylyň dekabrynda Bokurdak obasynyň demirgazygynda taşlandy zeýkeş suwlarynyň golaýynda geçirilip başlandy. 2015-nji ýylda synag meýdançasynda adaty badam we hakyky pisse ekildi. Olaryň ösüşini we boý alşyny gowulandyrmak üçin mineral hem-de organiki dökünler ulanyldy. Laboratoriýanyň işgärleri guraklyga we duzlara durnukly beýleki miweli ekinleri hem synag etmegi göz öňünde tutýarlar. Üç ýyllap ylmy barlag geçirlenden soň pisse agaçlarynyň 450-si we badam agaçlarynyň 350-si bag ekmekde ulanmak üçin ýerli ilata berildi. Meýdançalarda galan üç ýyllyk ekinleriň duzlaşan ýerlere durnuklylyk derejesini kesgitlemek üçin olara ...

Ylym

Ýokary we orta bilim ulgamynyň hünärmenleri daşary ýurt dillerini öwretmekdäki täzeçil usullary ara alyp maslahatlaşdylar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Tematiki sergide dil bilimi ulgamyndaky ýörelgeler we innowasiýalar görkezildi. Ýörüteleşdirilen dil merkezleriniň we kitap dükanlarynyň tekjelrinde dürli dillerde neşir edilen okuw, çeper, ylmy edebiýatlaryň onlarçasy goýlupdyr. Paýtagtyň hukuk, biznes we tehnologiýalar mekdebi ýörüte edebiýatlaryň ençemesini getiripdir, bu ýerde çagalar hem, ulular hem bilimleriniň üstüni ýetirip, gözýetimini giňeldýärler. Mekdepde diňleýjileriň dil taýýarlygyna aýratyn üns berilýär. Bu babatda türkmen mugallymlary bilen netijeli gatnaşykary ýola goýan Oksford uniwersiteti degerli goldaw berýär. Mekdep dürli dillerdäki okuw we usulýet edebiýatlaryny yzygiderli edinýär. Şeýle hem paýtagtymyzdaky „Älem kitap“ dükany we „Gujurly ...

Ykdysadyýet

Maýa goýum hyzmatdaşlygy – Daşary ykdysady bankyň işiniň esasy ugurlarynyň biri

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Gepleşiklerde gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň hatarynda maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. BAE-niň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzda ykdysadyýeti innowasion taýdan ösdürmäge, önümçilik, tehnologiki we söwda aragatnaşyklarynyň halkara ulgamyna Türkmenistanyň has-da ýakynlaşmagyna gönükdirilip, durmuşa geçirmek maksat edinilýän taslamalara uly gyzyklanma bildirdiler.