Habarlar 2 ýanwar 2018

Wakalaryň jümmüşinde

2018 ýyl: Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Diňe iri ulag desgalarynyň we ýollaryň, üstaşyr geçelgeleriň gurluşygynda däl, eýsem, beýleki desgalaryň gurluşygynda hem bu konsepsiýany durmuşa geçirýäris. Biziň Garaşsyz Bitarap döwletimiz halkara giňişliginde syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsaneperwer gatnaşyklary ösdürmäge we pugtalandyrmaga uly goşant oşýar diýip, milli Liderimiz nygtady hem-de 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen şygaryny tutuş adamzadyň nurana geljegi üçin döredijiligiň bähbidine parahatçylyk we hyzmatdaşlyk hakyndaky düşünjeleri hem-de garaýyşlary has giň gerime ýetirdi.

Hyzmatdaşlyk

Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝeB-niň dolandyryş menejmenti ulgamyny kämilleşdirmek boýunça bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek dowam edýär

Hajymyrat PIRMUHAMMEDOW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň uly muglallymy

Geňeşiň işine taslamanyň milli hyzmatdaşlarynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň arasynda maliýe we ykdysadyýet, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, bilim ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentini ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekilleri bardy.

Jemgyýet

Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Şu günler paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ertekileri ýada salýan şäherjige öwrüldi. Owadan bezelen arçadan başga-da, wepaly dost hem-de goragçy alabaý dabaranyň esasy nyşanlarynyň birine öwrüldi. Gündogar senenamasy boýunça ol 2018-nji ýylyň nyşanydyr. Okuwçylary Gökderä dabaraly ýagdaýda ugratmak üçin bu ýere Aýazbaba we Garpamyk hem-de çagalaryň söýgüli ertekileriniň gahrymanlary-da geldi. Olar şadyýan aýdym-sazyň owazy astynda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň döredijilik gurnaklarynda terbiýelenilýänler bilen bilelikde şowhunly Täze ýyl dabarasyny taýýarladylar.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz wezipä bellemek baradaky çözgütleri kabul etdi

Gulmyrat Nurmyradowiç Agamyradow Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi;