Habarlar 20 ýanwar 2018

Jemgyýet

„Türkmenhowaýollary“ Gullugynyň Awiasiýa işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde okuwlar IKAO ölçegleri boýunça alnyp barylýar

Wladimir KOMAROW

Ýaş awiatorlar D-20 we D-40 kysymly bir we iki motorly uçarlaryň ýa-da «Еmestron» dikuçarlardayň hersinde 150 sagat uçuş endigini öwrenmeli. Instruktorlaryň ýolbaşçylygynda uçuş başarnyklary öwrenilýän wagty enjamlar boýunça ugur almak, adatdan daşary ýagdaýlarda tiz netijä gelmek, iki motorly uçara erk etmek tilsimleri öwrenilýär.

Jemgyýet

Ahal welaýatynda çaga dogrulýan bölümiň düýbüni tutmak dabarasy boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Dabara etrap häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjylar gatnaşdylar. Olary täze durmuş desgasynyň düýbüniň tutulmagy bilen gutlamaga Mejlisiň deputatlary geldi.

Ykdysadyýet

Birža söwdalarynda daşary ýurtlara goýberilen harytlaryň jemi bahasy 3 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şotlandiýadan, Türkiýeden, Pakistandan, Litwadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler arassalanan pagta ýagyna, nah ýüplüge we aşgarlanmadyk mata isleg bildirdiler. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 242 müň dollaryndan gowrak boldy.

Medeniýet

2018-nji ýylda medeniýet ulgamyny toplumlaýyn ösdürmegiň wezipeleri degişli mazmunly maslahatyň esasy meselesine öwrüldi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2018-nji ýylyň “Türkmenistan -- Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan şygary ýurdumyzy ösdürmegiň köpasyrlyk taryhy tejribä, medeni däplere, milletiň ruhy mirasyna we umumadamzat gymmatlyklaryna esaslanýan konsepsiýasyny şöhlelendirýär.