Habarlar 22 ýanwar 2018

Jemgyýet

Milli goşunymyzyň geçmişi we şu güni baradaky gyzykly maglumatlar – ýörite žurnalyň täze sanynda

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Žurnalda goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinamyza laýyklykda edermen esgerlerimiziň ýurdumyzyň howpsuzlygyny berkitmekdäki ähmiýeti açylyp görkezilýär. Onda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Watanymyzyň Ýaragly Güýçlerini döwrebaplaşdyrmakda we söweş başarnyklaryny ýokarlandyrmakda gazanylýan belent sepgitler bilen okyjylar giňden tanyşdyrylýar.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna “Fransisko Skorinanyň kitap mirasy” sowgat berler

Fransisko Skorinanyň kitap mirasynyň faksimle neşirini çap etmek boýunça taslama (2013-2017-nji ýyllar) belorus we gündogar slawýan kitap çap edilişiniň 500 ýyllygyna gabatlandy. Bu hysyrdyly işiň netijesinde tanymal gumanistiň we magaryfçynyň tutuş dünýä ýaýran kitaplarynyň elektron nusgalary tapyldy we tertibe salyndy. Köp jiltlik ýygynda 1517-nji ýyldan 1525-nji ýyla çenli döwürde Pragada hem-de Wilnoda neşir edilen, belorus taryhynyň we medeniýetiniň gymmatly gatlaklary bilen tanyşdyrýan eserler jemlenipdir.

Ylym

Türkmenistanly mekdep okuwçylary 14-nji Halkara Žautyk olimpiadasynda medallaryň 4-sini eýelediler

Wiktoriýa NOWIKOWA

Ýaş matematikaçylaryň bäsleşigi has köp adamly boldy, oňa çagalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Galanlary fizika we maglumatlar tehnologiýasy boýunça bäsleşdiler.

Wakalaryň jümmüşinde

Hindistanyň Ilçisi milli Liderimize ilçihananyň işine beren goldawy üçin hoşallyk bildirdi

Ilçi wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallygyny bildirip, Hindistanyň Türkmenistanyň Baştutanynyň ýöredýän parahatçylyk söýüjilik we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny aýtdy. Bu syýasat türkmen Lideriniň sebitde hem-de dünýäde parahatçylygyň, durnuklylygyň we abadançylygyň esaslaryny hemmetaraplaýyn berkitmegiň bähbidine öňe sürýän möhüm halkara başlangyçlaryny ilerletmekde esasy şert bolup durýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Orta asyrlaryň ilçileri, syýahatçylary we täjirleri Günbatar hem-de Gündogar baradaky düşünjeleriň çägini giňeltdiler

Ruslan MYRADOW

Ozaly bilen olar: ilçiler, täjirler hem-de syýahatçy-ýurt öwrenijiler bolupdyr. Täjirleri söwda gyzyklandyran bolsa, syýahatçy-bezirgenler nätanyş ýerleri köpräk öwrenip, dünýäni öwrenmegi we takyk geografik karta düzmegi maksat edinipdirler. Gündogar ýurtlarda hem, Günbatar illerde hem bu ugurdan tagalla bary edilipdir. Gury ýerden Aziýa üsti ýollar barada, meselem, rimli tanymal geografiýaçy Klawdiý Ptolomeý öz döwri üçin wajyp maglumat taýýarlapdyr. 160-180-nji ýyllarda ol özünden öň ýaşap geçen, ýöne işleri biziň günlerimize çenli saklanyp galmadyk gadymy grek kartografiýaçysy Marin Tirskiniň maglumatlaryndan peýdalanypdyr. Onda, hususan-da, makedoniýaly, ozaldan ata-baba kesbi täjirçilik bolan, öz adamlaryny has gadymy ...