Habarlar 4 ýanwar 2018

Resmi habar

Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe işgärleri wezipelere belledi

Guwançali Mämmetguliýewiç Baýramow Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary wezipesine;

Ykdysadyýet

Mary welaýatynyň «Minara-3» meýdançasynda bir gije-gündizki çykymy 1 million kubmetrden gowrak bolan gazyň senagat akymy alyndy

Wladimir Komarow

“Lebapnebitgazgözleg” müdirliginiň hünärmenleri tutuş Türkmenistan boýunça uglewodorod çig malynyň gözlegini üstünlikli alyp barýarlar. Geçen ýyl ýerastynda gözleg geçirijiler Ekeremde (Balkan welaýaty) ýokary nebit akymy bolan burawlanan guýyny ulanyjylara tabşyrydylar. Müdirlik deňiz ýakasynda – Akpatlawuk, Gerçek, Uzynada meýdançalarynda, Lebap welaýatynda “Halkabat-2” we “Täjibaý” meýdançalarynda uglewodorody tapmak ugrunda gözleg işlerini alyp barýar. Şol ýerlerde geologiýagözleýjiler tebigy gazyň we kondensatyň ýatagynyň üstüni açmagy maksat edinýärler.

Ykdysadyýet

Ýurdumyzda öndürilýän regenerirlenen süýümiň köp bölegi daşary ýurtlara ugradylýar

Wladimir Komarow

Ýokary tehnologiki enjam dokma galyndylaryny düşekçeler, ýassyklar ýa-da dokalmadyk serişdeler öndürilinde ulanylýan önümlere öwürmäge mümükinçilik berýär. Häzirki zamanyň ykdysady şertlerinde dokma senagatynda öndürijileriň köpüsi, hususan-da, ýorgan-düşekdir ýassyk öndürijiler tikinçilik galyndylarynyň ýörite enjamlarynda gaýtadan işlenilmeginde (süýümlerden aýrylanda) alynýan regenerirlenen süýümi ulanyp başladylar. Abadan fabriginde öndürilýän regenerirlenen süýümiň köp bölegi daşary ýurtlara ugradylýar. Bu önüm Türkiýäniň, Russiýa Federasiýasynyň we beýleki ýurtlaryň kärhanalarynda uly islegden peýdalanýar.

Wakalaryň jümmüşinde

Türk­me­nis­tan 2018-nji ýyl üçin iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Ita­li­ýa­nyň döw­let te­le­ra­dio gep­le­şik­le­ri kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň “Rai 3” te­le­ýaý­ly­my Türk­me­nis­ta­ny 2018-nji ýyl­da iň go­wy sy­ýa­hat­çy­lyk ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de at­lan­dyr­dy. Bu ýaý­lym me­de­ni­ýet ba­ra­da­ky gep­le­şik­le­re aý­ra­tyn üns ber­ýär.