Habarlar 10 fewral 2018

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan halyçylyk we ahalteke atçylyk sungatyny Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça degişli işleri geçirýär

Gadymy Merw, Köneürgenç we Gadymy Nusaý ýaly Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi.

Ykdysadyýet

DHÇMB söwdalarynda geleşikleriň bahasy 50,5 million ABŞ-niň dollaryndan gowrak boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük we pagta-süýümi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Türkiýe, Pakistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 50 million 585 müň dollaryndan gowrak boldy.

Sport

Stol üstünde oýnalýan tennis boýunça milli ýaryşda ýaş türgenler üstünlik gazandylar

Dmitriý GORŞKOW

Çempionatda meýdança eýeleri hökmünde erkekler we zenanlar toparlarynyň hersinden ikisi gatnaşan paýtagtly kiçi raketka ussatlarynyň çakylygyna Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň ýygyndylary seslendiler. Ýaryş şahsy--toparlaýyn görnüşde geçirildi, onuň netijesi boýunça halkara derejesindäki ýaryşlarda çykyş etmek üçin milli ýygyndy toparyň agzalary belli bolar. Indi bolsa, 2017-nji ýylda özüni tanadan ýeňiji barada gürrüňe dolanalyň.