Habarlar 12 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

2018-2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň suw hojalygyny ösdürmek boýunça Maksatnama işläp taýýarlanylar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda obasenagat toplumynyň we beýleki pudaklaryň sazlaşykly ösüşiniň, daşky gurşawy goramagyň, halkymyzyň amatly durmuş derejesini üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde suw serişdelerini rejeli peýdalanmak meselelerine aýratyn ähmiýet berýär.

Sport

Boks boýunça milli çempionatymyza Serik Konakbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşar

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Tomaşaly we özüne çekiji pursatlaryň baý bolmagyna garaşylýan ýaryş paýtagtymyzdaky iň bir döwrebap Olimpiýa şäherjiginde dört günläp dowam eder. Erkekleriň we zenanlaryň arasynda boljak bäsleşikde paýtagtymyza hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň bäşisine wekilçilik edýän türgenleriň ýüzlerçesi agramlyk dejesiniň onusy boýunýa güýç synanyşarlar.

Resmi habar

Döwlet Baştutanymyz Moskwanyň eteginde AN-148 ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy zerarly gynançyny bildirdi

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Resmi habar

Balkan welaýatynyň çäklerinde nebit bilen hapalanan meýdanlary arassalamak işlerini “Mawy kenar” bilelikdäki kärhanasy alyp barar

“Türkmennebit” döwlet konsernine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişldeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi bilen bilelikde ýokarda agzalan işleri ýerine ýetirmegiň Tertibini işläp taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşyp tassyklamak tabşyryldy.