Habarlar 2 fewral 2018

Wakalaryň jümmüşinde

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň daşary işler ministrligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.

Medeniýet

Fewralda türkmenistanlylar Karawajonyň we eýran medeniýetiniň eserleri bilen tanşar

7-9-njy fewralda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günlerini geçiriler. Döredijilik çäresiniň çäklerinde Aşgabatda amaly-haşam sungatynyň sergisi, eýran kinofilmleriniň görkezilişi, Eýranyň folklor we aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary görkeziler, şeýle hem döredijilik intelligensiýasynyň wekilleriniň duşuşyklary hem-de çagalaryň bilelikdäki konserti guralar. Myhmanlar muzeýlere, taryhy ýerlere we paýtagtymyzyň beýleki ajaýyp ýerlerine baryp görerler.

Resmi habar

Halkara ýanyk merkezi paýtagtymyzyň lukmançylyk merkezleriniň ulgamynyň üstüni ýetirer

Resminamada bellenilişi ýaly, täze lukmançylyk merkezini döretmegiň taslamasy ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da berkitmek, ilata ýöriteleşdirilen ýanyk şikeslerini bejeriş kömegini bermek, şeýle hem dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş desgalaryny gurmak işlerini dowam etdirmek maksady bilen amala aşyrylar.

Medeniýet

Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyndan žiwopis manzarlary

Tamara GLAZUNOWA

Paýtagtymyzyň sergi merkezinde türkmen nakgaşlarynyň Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan žiwopis eserleriniň sergisi açyldy. Ol Şemşat Mämmedowanyň “Änew metjidi” atly işi bilen açylýar. Suratda awtor taryhy-- medeni mirasyň simwoliki münberinden ak mermere bürenen Aşgabadyň kaşaň gözelligine garap, geçmiş bilen häzirki döwri birleşdirýär. Surat bizi gadymy döwürlere syýahata atarýar, şol döwürde nemes barlagçysy Ferdinand fon Rihtgofeniň jaýdar belleýşi ýaly, Beýik Ýüpek ýoly pederlerimiziň durmuşynda juda wajyp ähmiýete eýe bolupdyr. Şäherlere çar künjeklerden gelenler olaryň durmuşyna öz ýurdunyň özboluşly medeniýetiniň röwüşlerini goşup-garyp, olaryň dünýä baradaky bilimlerini baýlaşdyrypdyrlar. Diňe ...