Habarlar 3 fewral 2018

Ykdysadyýet

Ýokary tehnologiýalar nebit skwažinalarynyň netijeliligini ýokarlandyrýar

Amanmyrat KIÇIGULOW

“Nebitgazçykaryş” tresti skwažinalary düýpli abatlamak boýunça Barsagelmez, Goturdepe we Gamyşlyja kärhanalarynyň binýadynda döredildi. Nebit skwažinalaryna hyzmat etmek we öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak boýunça işler edaranyň alyp barýan işidir. Häzirki wagtda önümçilik toparlaryň 60-dan gowragy tükmen kenarýaka ýataklarynda skwažinalaryň düýpýaka zolagyny berkitmek, ulanyş sütünlerindäki näsazlyklary düzetmek, suw sütünleini çetleşdirmek boýunça we gaýry işleri ýerine ýetirýärler.

Ykdysadyýet

Şy ýyl sebitde utgaşdyrylan dolanşykly ilkinji gazturbinaly elektrik stansiýasy işe giriziler

Wladimir KOMAROW

Şu ýyl ýurduň we Merkezi Aziýa sebitiniň taryhynda ilkinji gezek jemi kuwwatlylygy 1574 megawatt bolan iki energoblokdan ybarat täze ýokary tehnologiýaly desga işe giriziler. Elektrik stansiýasynda gaz turbinalalrynyň 4-si, 4 sany utilizator-gazan, bug turbinalalrynyň 2-si hereket eder. Şertnama laýyklykda desga 2018-nji ýylyň ahyryna çenli işe giriziler.

Ylym

Inžener-tehnologiýalary uniwersitetiniň talyplary daşary ýurt şygryýetine gyzyklanýarlar

Wiktoriýa NOWIKOWA

Hut şu şahyrlaryň eserleriniň saýlanyp alynmagy tötänden däldir. Şygyrýet äleminiň bu dört ussady- Inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde talyplaryň öwrenýän dillerinde eser döreden ajaýyp şahyrlardyr. Şeýle çäreleriň geçirilmegi diňe bir talyplaryň öwrenýän dillerinde söz baýlygyny artdyrman, eýsem halklaryň medeni ýörelgeleri bilen hem tanyşmaga mümkinçilik berýär.

Ykdysadyýet

Nebit, dokma önümleri we buýan köküniň gury ergini birža söwdalarynda esasy üns berlen önümler boldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýadan, Türkiýeden, Serbiýadan, Gyrgyzystandan gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna trikotaž önümleri, nah ýüplük, buýan köküniň gury ergini, portlandsement ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 9 million 804 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hyzmatdaşlyk

Türkmenistan we Hytaý syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegi işjeňleşdirýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Çäräniň açylyş dabarsynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösmeginde, ýurdumyzyň ruhy we medeni kuwwatyny açyp görkezmekde syýahatçylyk pudagyna möhüm orun berip, özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, syýahatlary guramakda hem-de sagaldyş-dynç alyş ulgamynda halkara derejesinde tejribe alşylmagyna uly üns berýär.

Medeniýet

2018-nji ýyl üçin dabaralaryň we çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Öňler Beýik Ýüpek ýoly geçen ýurdumyzyň ähmiýetli taryhy-medeni ýerlerinde ýylyň dowamynda ylmy maslahatlaryň, döredijilik duşuşyklaryň, aýdym-sazly dabaralaryň, arheologiki gymmatlyklaryň sergisiniň, folklor toparlaryň bäsleşikleriniň geçirilmegi, şeýle hem sahna eserleriniň, dessanlary ýerine ýetirijileriň aýdym-sazly ýygyndylarynyň, degişli neşirýat önümleriniň hem-de ýadygärlik sowgatlaryň taýýarlanylmagy maksat edinilýär. Çäreleriň tapgyry UNESKO-nyň abraýly medeni mirasynyň sanawyna girizilen aýdym aýtmagyň we tans etmegiň milli sungaty bolan küştdepdä bagyşlanylar.

Ykdysadyýet

Innowasion-senagat forumy milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny görkezdi

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Bu gözden geçiriliş öňdebaryjy ylmy başlangyçlary we senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullary babatda dünýäniň öňdebaryjylarynyň netijeli çözgütlerini hem-de tejribe alşylmagy üçin oňyn meýdança bolup hyzmat etdi we bu ulgamdaky gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň hem-de görnüşleriniň ösdürilmegini şertlendirdi. Sergi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaga bolan isleglerini ýokarlandyrdy. Häzirki döwürde türkmen bazary ýokary sazlaşykly ösüşi, uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleri bilen özüne çekýär.