Habarlar 6 fewral 2018

Hyzmatdaşlyk

Aral deňziniň sebitindäki ýurtlara kömek etmek boýunça hereketleriň dördünji Makstnamasyny işläp taýýarlamak işine girişildi

Arslan REJEBOW, Türkmenistanyň AHEHG-nyň Ýerine ýetiriji komitetindäki wekili

Aral deňziniň sebtiniň ýurtlaryna kömek etmek boýunça hereketleriň täze, 4-nji Maksatnamasyny (ADSK-4) işläp taýýarlamaklyga girişildi. Sebit ähmiýetli bu wajyp resminama Merkezi Aziýada durnukly ösüş, Gaznanyň Aral sebtinde durmuş şertlerini we ýaşaýşyň hilini gowulandyrmaga gönükdirilen işiniň çäklerinde döwletara özara hereketleri işjeňleşdirmek üçin esas bolar. Gaznanyň döredilen döwründen bäri şeýle maksatnamalaryň üçüsi durmuşa geçirildi, olaryň soňkusynyň hereketi 2015-nji ýylda tamamlanypdy.

Ykdysadyýet

Bilermenler gurak howa şertlerinde oba hojalyk önümçiliginiň ösüş ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar

Ýelena DOLGOWA

BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekiliniň orunbasary Witaliý Wremiş giriş sözünde taslamanyň çäklerinde geçirilen uýgunlaşma çäreleriniň oňyn netije berendigini belledi. Amangül Orazberdiýewa geçen ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemini jemledi. Hususan-da, howa şertleriniň üýtgemegi şertlerine oba hojalyk sebitleriniň gowşaklyk derejesi seljerildi, zeýakaba-zeýkeş ulgamlarynyň onlarça kilometri mehaniki usulda arassalanyldy, ýerasty suwlaryň minerallaşmagynyň derejesine gözegçilik edilýär, ýerleri tekizlemek üçin lazer enjamlarynyň birnäçesi satyn alyndy.

Wakalaryň jümmüşinde

«ARETI» kompaniýlar topary Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Wagt tapyp kabul edendigi we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, işewür özüniň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşe eýe bolan Türkmenistan bilen özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Ykdysadyýet

2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy

Türkmen döwlet habarlar agentligi (TDH)

Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň köpsanly mümkinçiliklerine ünsi çekip, döwlet emlägini hususylaşdyrmagy dowam etdirmegi hem-de häzirki zaman halkara ülňülerini giňden ornaşdyrmagyň hasabyna ýangyç-energetika toplumynyň dolandyrylmagyny düýpli üýtgetmegi tabşyrdy.

Ylym

Sünt-Hasardagda ýabany armydyň Türkmenistan üçin üýtgeşik täze görnüşi ýüze çykaryldy

Aleksandr PAWLENKO

Biziň ýurdumyzda olaryň dört görnüşi gabat gelýär. Olaryň ýabany görnüşleri agaç şekilli ownuk miweli şahalak gyrymsy agaç kysmydyr. Olar diňe biziň ýudumyzda ösýän, Sumbar jülgesinde duş gelýän türkmen armydy, diňe Köpetdagda we Sünt-Hasardagda bitýän Buasýe armydy, şeýle hem Regel armydydyr, ol beýlekilerden tapawutlylykda gür tikenekli bolup, Özbegistanda, Täjigistanda, Gazagystanda we Hytaýda bellige alnandyr. Türkmen bagbanlarynyň ýetişdirýän köp görnüşli adaty medeni armydy hemmelere mälimdir. Emma onuň ýabany görnüşleri Günorta-Günbatar Köpetdagyň, şeýle hem demirgazyk Eýranyň jülgelerinde gabat gelýär. Geçen ýyl Sünt-Hasardagda geçirilen botaniki ylmy barlagyň we ösümlik dünýäsine derňewiň barşynda ...